GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Döwrümiziň nusgalyk Arkadag şäheri
18.02.2026

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len ro­waç­ly­ga besle­nen hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len hä­zir­ki dö­wür­de gur­lu­şy­gy ýo­ka­ry dep­gin­de do­wam ed­ýän ýur­du­my­zyň il­kin­ji «akyl­ly» şä­he­ri äh­li ba­bat­da hä­zir­ki za­man şä­her ­gur­lu­şy­gy­nyň nus­ga­sy­dyr. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň jemi 220-den gowragy gurulýar. Şunda umumybilim berýän mekdepleriň, çagalar baglarynyň, 5, 7 we 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna uly ähmiýet berilýär. Binalarda häzirki zaman şertleri, ýaşaýyş jaýlarynda bolsa ýokary derejeli ýaşaýşy, dynç alşy üpjün edýän mümkinçilikler döredilýär.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri gurulýan desgalarda işleriň barşy we gurluşygy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşmak üçin Arkadag şäherine iş saparlaryny yzygiderli amala aşyrýar. Olaryň dowamynda döwrebap şäheriň ikinji tapgyrynyň desgalarynyň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň hilini we berkligini aýratyn gözegçilikde saklamaga, gurluşyklaryň depginini ýokarlandyrmaga, işleriň häzirki zaman talaplaryna, dünýäniň ösen tejribesine laýyk gelmegine aýratyn üns berilýär.

 

Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti