Milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde wajyp toplumlaryň biri bolan ýangyç-energetika pudagyny yzygiderli we döwrebap özgertmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasy» häzirki wagtda netijeli durmuşa geçirilýär. Döwrüň talabyna laýyklykda, uglewodorodlaryň täze ýataklaryny gözläp tapmak, Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygyndaky, Amyderýanyň kenarlaryndaky, Merkezi Garagumdaky nebitgaz serişdelerini senagat taýdan özleşdirmek, «mawy ýangyjyň» eksportyny giňeltmek, çig mallary gaýtadan işläp, dünýä bazarynda isleg bildirilýän önümleri taýýarlamak we ugratmak ugurlary aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Öňde goýlan maksatlary üstünlikli amala aşyrmak üçin döwletimiziň dürli künjeklerinde geologik barlag, gözleg, gazuw-agtaryş işleri geçirilýär.
Nebit we gaz ýataklarynda, kärhanalarynda, logistika amallarynda ylmyň soňky gazananlary ornaşdyrylyp, täze tehnologiýalar we sanly ulgam peýdalanylýar. Sanly çözgütler alnyp barylýan işleri ýeňilleşdirmek bilen bir hatarda, gazyň we nebitiň çykarylyşynda howpsuzlygy üpjün etmekde esasy gurallaryň biri bolup durýar. «Akylly» känler we «akylly» guýular konsepsiýalary ulanylyp, olarda emeli aň ulgamlary netijeli hereket edýär.
Türkmenistan sebitde gazy eksport edýän ýurtlaryň hatarynda öňdeligi eýeleýär. Şeýle-de soňky ýyllarda diňe bir çig maly eksport etmek bilen çäklenmän, dünýäde deňi-taýy bolmadyk kärhanalar gurlup, olarda tebigy gaz gaýtadan işlenilýär.
Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti







