Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda nebit hem-de gazhimiýa senagaty üstünlikli ösdürilýär. Bu ugurda ýurdumyzyň nebitiň hem-de gazyň çig mal gorlaryna baý bolmagy aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.
Ahal welaýatynyň çäginde gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodda häzirki zaman Euro-5 standartyna laýyk gelýän EKO-93 sintetik benzin ýangyjyny öndürmek ýola goýlandyr. Dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan bu ýokary hilli ýangyç daşky gurşawyň abadançylygy üçin amatlydyr, ekologiýa taýdan arassa energiýany ulanmaga geçmekde ähmiýetlidir.
Bu senagat toplumy «Dünýäde tebigy gazdan sintetik benzin öndürilýän ilkinji zawod» diýen dereje bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilendir. Şeýle hem ol Şweýsariýanyň federal tehnologik institutynyň «Innowasion tehnologiýalar» hem-de Daşky gurşawy goraýyş gaznasynyň (ABŞ) ekologiýa taýdan arassa diýen sertifikatlaryna mynasyp boldy.
Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti







