«Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleriniň hünärmenleri uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýokary zähmet üstünliklerini gazanyp, täze, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji aýynda-da öndürijilikli işleýärler we mynasyp zähmet netijelerine eýe bolýarlar.
Konsern boýunça geçen şanly ýylda çykarylan nebitiň gaz kondensaty bilen möçberi 4 million 25 müň tonna golaýlady. «Nebitgazçykaryş» trestiniň müdirlikleri boýunça hasabat döwri üçin bellenilen meýilnama goşmaça 205 müň tonnadan gowrak nebit çykarylyp, tabşyryga 108,6 göterim amal edildi. Şonuň ýaly-da tutuş konsern boýunça nebit çig malyny çykarmakda gazanylan ösüş depgini 106,7 göterime golaýlady. Gürrüňi edilýän hasabat döwründe bu müdirlikler tarapyndan 4,6 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz çykarylyp, sarp edijilere ýetirildi. Nebitdir gazyň bol akymyny almakda «Goturdepenebit», «Gumdagnebit», «Nebitdagnebit», «Gamyşlyjanebit», «Galkynyşnebit», «Keýmir» nebit-gaz çykaryş hem-de «Körpeje» gaz çykaryş müdirlikleri göreldeli işleri bitirdiler.
Tutuş sebitde we dünýäde belli kärhanalaryň hatarynda tanalýan konserniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda uglewodorod çig mallaryndan taýýarlanýan önümler bu gün hil babatda iň bir ýokary ülňülere doly gabat gelýändigi bilen tapawutlanýar. Yzygiderli döwrebaplaşdyrylýan we täze önümçilik desgalary bilen üznüksiz üsti ýetirilýän bu toplumda hem geçen hasabat döwründe nebit we nebit-himiýa önümlerini taýýarlamakda görnükli netijelere eýe bolundy. Zawodlar toplumyna gelip gowşan nebit çig malyny gaýtadan işläp, harytlyk görnüşine getirmegiň meýilnamasy 106,4 göterim berjaý edildi. Ýokary hilli benzinleriň dürli görnüşleriniň jemi 1 million 484,9 müň tonna golaýy taýýarlanylyp, sarp edijilere ýetirildi. Jemi 434 müň tonna kerosin taýýarlamagyň tabşyrygyna 108,6 göterim amal edildi. Meýilnama görä, bitirilen işler ýangyç mazudyny taýýarlamakda 137 göterime, nebit bitumny boýunça 305 göterime, dizel ýangyjyny taýýarlamakda 100 göterime barabar boldy. Şeýle hem hasabat döwründe 54 müň 100 tonnadan gowrak ýokary hilli çalgy ýaglary, 57 müň 640 tonna polipropilen, 124,2 müň tonna suwuklandyrylan gaz taýýarlandy.
Konserniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň hünärmenleri nebit-gaz guýularynda çylşyrymly abatlaýyş işleri ýokary hilli amala aşyrmak hem-de düýpli abatlaýşa garaşýan guýulary öz wagtynda dikeldip, ulanyşa tabşyrmakda netijeli zähmet çekýärler. Diňe bir geçen ýylda gürrüňi edilýän trestiň müdirlikleri boýunça 413 guýa derek 437 guýyda düýpli abatlaýyş işleri amala aşyrylyp, olar önümçilige tabşyryldy. Gaýtadan hatara goşulan şol guýularyň hasabyna konsern boýunça goşmaça alnan «gara altynyň» möçberi 292,6 müň tonna barabar bolup, meýilnama 124 göterim amal edildi.
Uglewodorod çig mallarynyň çykarylýan möçberleriniň yzygiderli artdyrylmagynda konserniň buraw işleri müdirlikleriniň aýratyn orun eýeleýändiklerini hem nygtamak gerek. Häzirki zaman dünýäsiniň has kämil we kuwwatly buraw desgalaryna eýe bolan konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestine degişli müdirlikler tarapyndan geçen hasabat döwründe gazylan dag jynslarynyň umumy çuňlugy 151 müň 276 metre ýetdi. Şonça çuňlugyň 125 müň metre golaýynyň ulanyş maksatly çuňluk bolmagy has-da buýsançly ýagdaýdyr.
Geçen ýyl konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň müdirlikleri boýunça gazuw işleri üstünlikli tamamlanan täze guýularyň umumy sany 39-a barabar boldy. Şol täze guýularyň 33-siniň ulanyş maksatly guýulardygy has öwgä mynasypdyr. Senagat taýdan üstünlikli özleşdirilýän ol täze guýulardan häzirki wagtda her gije-gündiziň dowamynda alynýan nebit çig malynyň möçberleri ýüzlerçe tonna baryp ýetýär. Döwrüň ösen talaplaryna laýyk üstünlikleriň gazanylmagynda trestiň «Goturdepe», «Nebitdag», «Ekerem» we «Körpeje» buraw işleri müdirlikleriniň zähmet toparlarynyň mynasyp paýlary bar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinde hem ýokary zähmet netijelerini gazanýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitçileri geçen ýylda gazanylan üstünlikleriň täze ýylda bedew batly ösüşlere badalga boljakdygyna berk ynanýarlar. Olar täze, 2026-njy ýyly hem ýokary zähmet üstünliklere beslemek maksady bilen şu günler has-da yhlasly, ruhubelent zähmet çekýärler.
Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti







