GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Parahatçylygyň we ynanyşmagyň kämil kelamy
06.01.2026

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän günlerinde neşir edilen «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitaby giň okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döretdi. Kitabyň adamlaryň parahatçylyk we ynanyşmak baradaky garaýyşlaryny giňeltmekdäki ähmiýetini, many-mazmunyny düşündirýän tanyşdyrylyş dabaralary munuň şeýledigini aýdyň görkezýär.

Nebitgaz toplumynyň mejlisler jaýynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasyndaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň täze eseri arkaly okyjylar türkmen, iňlis we rus dillerinde Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň taryhy kökleri, halkymyzyň belent ahlak häsiýetleri, medeniýetde, sungatda, durmuşda parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň ösüşi, Bitaraplygyň halkara giňişlikdäki ähmiýeti barada giňişleýin düşünje alyp bilýärler. Kitapda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti bilen birlikde, türkmen döwletiniň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlary hem giňden beýan edilýär. Şeýle-de onda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolanyndan bäri geçen 30 ýylyň dowamynda ýetilen belent sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň jemi jemlenýär.

Mundan başga-da, çykyşlarda döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwer ýörelgelerine, Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetine has giňişleýin düşünmekde gymmatly gollanma öwrülendigi bellenildi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyga eýe bolmagy döwletimiz üçin özboluşly ösüş ýoluny açdy. Berkarar döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty türkmen halkynyň taryhy müňýyllyklara uzaýan hoşniýetlilik däplerinden gözbaş alýar we jogapkärli, ygtybarly hyzmatdaş ýurt hökmünde Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýyny has artdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň energetika syýasatynyň ählumumy abadançylygyň we sebit ösüşiniň bähbitlerine gönükdirilendigi bellenildi. Bu ugurda ýurdumyz möhüm halkara taslamalary durmuşa geçirýär. 

Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynda belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplyga esaslanýan energetika diplomatiýasy köpugurly infrastruktura arabaglanyşygyny döretmäge gönükdirilendir. Şeýle çemeleşme ýurdumyza energiýa serişdelerini ibermek ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam berýär.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren “Ösüş arkaly parahatçylyk” ýörelgesi, “Dialog — parahatçylygyň kepili” filosofiýasy hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň her bir raýaty, islendik okyjy munuň şeýledigine türkmen Bitaraplygyna — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoluna bagyşlanan kitaby okamak arkaly hem giňişleýin göz ýetirýär.

Garaşsyzlygymyz we dünýäde üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyz döwlet berkararlygymyzy pugtalandyrýan, halkymyzyň mizemez bitewüligini üpjün edýän möhüm gymmatlyklardyr. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmak bilen, bu halkara hukuk derejämiz Watanymyzyň daşary syýasy ugruny kesgitleýär. Tanyşdyrylyş dabarasyndaky çykyşlarda täze kitabyň many-mazmuny, onuň bölümleri barada giňişleýin durlup geçildi. Eseriň «Bitaraplyk — türkmen paýhasynda», «Bitaraplygyň taryhy köklerine nazar aýlap» diýen bölümlerinde halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, dostluk ýörelgeleri dogrusynda taryhy delilleriň üsti bilen gürrüň edilýär. Ýurdumyzyň BMG bilen strategik ösüşe eýe bolan hyzmatdaşlygyna aýratyn bölüm bagyşlanypdyr. Hormatly Prezidentimiz täze kitabynyň «Parahatçylyk we ynanyşmak — döwrüň derwaýyslygy» atly bölüminde häzirki döwrüň möhüm meselelerine ünsi çekip, olaryň çözgüdinde altyn düzgünler hasaplanylýan parahatçylygyň we ynanyşmagyň bozulmagyna ýol berilmeli däldigini belleýär.

Kitabyň «Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasaty» we «XXI asyr: Türkmenistanyň geosyýasy we geoykdysady strategiýasy» atly bölümlerinde halkara giňişlikde ýurdumyzyň milli bähbitleriniň netijeli durmuşa geçirilişi barada söhbet edilýär. Bu bähbitler ählumumy parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we durnukly ösüş ýörelgeleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. «Parahatçylyk — türkmen siwilizasiýasynyň binýady» atly bölümde: «Oňuşmak, ýaraşmak, ylalaşykda ýaşamak ähli türkmeniň bir özi ýa milleti üçin däl, eýsem, dünýäniň ähli adamlary üçin edýän ýagşy dileg-dogasynyň maňzy-mazmunydyr» diýlip, örän parasatlylyk bilen bellenilýär. Kitap BMG-niň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamalary, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda kabul edilen taryhy resminamalar, hormatly Prezidentimiziň dürli sammitlerdäki, maslahatlardaky çykyşlary bilen jemlenýär.

Dabara gatnaşyjylar kitabyň Bitaraplygyň öňe sürýän ýörelgeleriniň türkmen aňyýetinde kemala gelşi we häzirki berkarar döwletimizde nusgalyk derejede ösdürilişi barada giňişleýin düşünje bermek bilen çäklenmän, eýsem, onuň gymmatly maglumat çeşmesi bolup durýandygyny aýratyn bellediler.

Şöhrat Esedillaýew,

"Türkmennebit" DK-nyň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy.