«Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyzyň maglumat giňişliginde giň gerimli işler alnyp barylýar. Sanly ösüşiň aýrylmaz bölegi bolan kiberhowpsuzlyk ulgamy hem bu işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde yzygiderli kämilleşdirilýär.
Häzirki döwürde internet torunyň gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülmegi bilen, maglumat howpsuzlygy aýratyn wajyp ähmiýete eýe boldy. Sanly mümkinçilikleriň artmagy bilen bir hatarda, maglumatlaryň goraglylygyny üpjün etmek döwlet derejesindäki möhüm wezipeleriň hatarynda durýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 2-nji martyndaky degişli Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň 2022 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäginde ýurdumyzda hünärmenleriň bilim derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen möhüm çäreler durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda maglumat howpsuzlygy boýunça geçirilýän «Kiberbäsleşik» çäreleri aýratyn ähmiýete eýedir.
Bu bäsleşik hünärmenleriň kiberhüjümleriň öňüni almak, olary ýüze çykarmak, netijelerini aradan aýyrmak, sanly ulgamlaryň durnuklylygyny dikeltmek ýaly möhüm endiklerini ösdürmäge gönükdirilýär. Şeýle-de toparlaýyn işlemek, sanly sowatlylyk we kiber giňişliginde howpsuzlyk medeniýetini kämilleşdirmek bäsleşigiň esasy maksatlarynyň biridir.
Türkmenistanyň Aragatnaşyk we Bilim ministrlikleriniň utgaşdyrmagynda her ýylyň aprel – oktýabr aýlarynda geçirilýän bu bäsleşigiň umumydöwlet tapgyrynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň işgärleriniň gazanan üstünlikleri aýratyn bellärliklidir. Hususan-da, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy gullugynyň başlygy Döwran Annageldi ogly Mämmettaganow, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we maglumat howpsuzlygy gullugynyň esasy inženeri Magtym Batyrowiç Mahtumow hem-de «Nebitgazylmytaslama» institutynyň EH we HM operatory Rejepmämmet Maksadowiç Durdyýew bu abraýly bäsleşigiň netijeleri boýunça III orna mynasyp boldular.
Bu üstünlik «Türkmennebit» döwlet konserninde sanly tehnologiýalaryň we maglumat howpsuzlygynyň ýokary derejede ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle-de bu netijeler konserniň hünärmenleriniň häzirki zaman kiberhowplara garşy göreşmekde ýokary taýýarlyga eýedigini görkezýär.
Umuman, maglumat howpsuzlygy bilen kiberhowpsuzlygyň özara baglanyşyklylykda üpjün edilmegi ýurdumyzyň sanly ösüşiniň ygtybarlylygyny kepillendirýär. Bu ugurda kabul edilen kanunçylyk namalary, täze hünärleriň döredilmegi, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy alnyp barylýan işleriň netijeliligini görkezýär.
Türkmenistanyň maglumat giňişligini kiberwehimlerden goramak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn çäreler döwletimiziň howpsuzlygyny berkitmek bilen bir hatarda, jemgyýetiň abadançylygyna hem uly goşant goşýar. Bu möhüm işde «Türkmennebit» döwlet konserniniň hünärmenleriniň mynasyp paýy bar we olaryň gazanan üstünlikleri ýurdumyzyň sanly geljegine bolan ynamy has-da berkidýär.
Döwlet Ataýew,
«Türkmennebit» DK-nyň «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň redaksiýasynyň sanly habarlar bölüminiň IT hünärmeni.







