Sport adamzat durmuşynda diňe bir beden kuwwatynyň däl, eýsem ruhy durnuklylygyň, maksada okgunlylygyň we ýeňşe bolan ynamyň nyşany bolup gelýär. Häzirki döwürde sport ulgamy döwletleriň halkara abraýyny ýokarlandyrýan, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýeleýän möhüm ugurlaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda, türkmen türgenleriniň dünýäde gazanýan üstünlikleri tutuş halkymyz üçin buýsanç çeşmesine öwrülýär. Şeýle üstünlikleriň biri hem "Türkmennebit" döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Hojaýew Muhammediň Müsürde geçirilen paraolimpiýa oýunlarynyň powerlifting görnüşi boýunça 3-nji orna mynasyp bolmagydyr.
Bu abraýly halkara ýaryşda gazanylan üstünlik diňe bir bir türgeniň şahsy ýeňşi bolman, eýsem tutuş türkmen sport ulgamynyň, şol sanda mümkinçilikleri çäkli bolan adamlaryň arasynda sportuň ösdürilmegine berilýän uly ünsüň aýdyň güwäsidir. Paraolimpiýa hereketi dünýäde adamlaryň deňhukuklylygyny, ruhy kuwwatyny we mümkinçilikleriniň çäksizdigini görkezýän aýratyn sport ugrudyr. Şeýle ýaryşlarda ýeňiş gazanmak, aýratyn hem, güýç talap edýän powerlifting görnüşinde baýrakly orun eýelemek uly zähmeti, yzygiderli türgenleşigi we berk ruhy taýýarlygy talap edýär.
Balkanabat şäherindäki nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde bilim alýan bu ýaş türgen okuw bilen sporty utgaşdyrmak arkaly özünde tertipliligi, jogapkärçiligi we zähmetsöýerligi terbiýeleýär. Okuw mekdebinde alýan hünär bilimi bilen birlikde, sportda hem ýokary netijeleri gazanmagy başarýan Muhammet ýaşlara görelde bolup durýar.
Türkmen döwletiniň sport syýasatynda halkara üstünlik gazanan türgenleri goldamak, olary höweslendirmek möhüm ugurlaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Hojaýew Muhammediň 70 000 manat pul baýragy bilen sylaglanmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu sylag diňe bir maddy goldaw bolman, eýsem ýaş türgene bildirilen uly ynamyň, hormatyň we döwlet tarapyndan berilýän ýokary bahanyň nyşanydyr.
Türkmen sportunyň abraýyny has-da belende galdyrmaga, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösýän sagdyn, döwrebap bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Mämmetgeldi Garageldiýew,
“Türkmennebit” DK-nyň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň usulyýetçisi.







