Halkara Parahatçylyk
we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň nebitgaz pudagy hünär baýramyny uludan belledi
17.12.2025

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde nebitgazçylaryň we geologlaryň hünär baýramy ýylyň-ýylyna döwlet derejesinde uludan toýlanylýar. Geçen ýekşenbede nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda hem Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy giň gerimde bellenildi. Baýramçylyk güni geçirilen dabaraly maslahat nebitgaz toplumynyň pudaklarynda göreldeli zähmet çekýän önümçilikleriň öňdebaryjylaryny, halypa işgärleri, ýaş hünärmenleri bir ýere jemledi. Oňa Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary, talyplary hem gatnaşdylar. Baýramçylyk dabarasy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanowyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz toplumynyň işgärlerine iberen Gutlagyny okamagy bilen başlandy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gutlagy hemmeler tarapyndan uly ruhubelentlik duýgusy bilen diňlenildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygy Guwançmyrat Agaýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Gurbanmyrat Muhammedow, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Geldimyrat Seýtiýew, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Durmuş taýdan ösüş we edara ediş-hojalyk işleri müdirliginiň baş hünärmeni Jeren Babaýewa, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Abatlaýyş-sazlaýyş we elektrogurnama müdirliginiň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy Baýramsoltan Gurbanowa, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Geologiki maglumatlar merkeziniň geofizigi Selbi Azizowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy Jemal Sapargulyýewa dagy çykyş edip, nebitgaz senagatynda gazanylan üstünlikler, durmuşa geçirilen iri taslamalar, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde toplumyň pudaklaryndaky özgerişler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň bu binýatlyk pudagynyň okgunly ösdürilişi, täze gurlan döwrebap desgalar, göz öňünde tutulýan möhüm taslamalar, nebitgazçylar üçin işlemäge, ýaşamaga döredilýän ýokary derejedäki amatlyklar, önümçiliklere, edaralara ylmyň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň ornaşdyrylyşy, öňde goýlan maksatnamalar barada buýsanç bilen durup geçdiler.

Dabaranyň dowamynda toplumyň pudaklarynyň nusgalyk zähmeti bilen tapawutlanan işgärlerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbaha sowgatlar gowşuryldy we «Türkmengaz» DK-nyň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň, «Nebit-gaz» gazetiniň bilelikde yg­lan eden «Ne­bit­-gaz — baý­ly­gym, hazyna-genjim, Waspyň etsin diller, saňa buýsanjym!» we «Türkmennebit» DK-nyň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň, «Nebit-gaz» gazetiniň «Parahatlyk nury örtüp zemini, Geldi jebisligiň ajap zamany» atly bäsleşikleriniň jemi jemlenildi. Birinji bäsleşigiň jemi boýunça «Nebit-gaz» gazetiniň Mary welaýaty boýunça habarçysy Sapardurdy Ýaýlyýew, «Türkmengaz» DKnyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň geofizika bölüminiň başlygy Hatyja Çopanowa, «Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Awtoulag we ýöriteleşdirilen tehnikalar müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Tuwakgylyç Geldiýew 1-nji ýere, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni Çarymuhammet Lollyýew, «Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri Näzgeldi Baýramgeldiýew, «Türkmengaz» DK-nyň Ylmybarlag tebigy gaz institutynyň ylmy işgäri, ýaş alymlar bäsleşiginiň ýeňijisi Güljemal Mämmedowa 2-nji orna, «Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň gaz çykaryş tehnologiýalary laboratoriýasynyň ylmy işgäri Arslan Mämmetsöýünow, «Nebit-gaz» gazetiniň Mary welaýaty boýunça fotohabarçysy Azym Şekerow, «Türkmengaz» DK-nyň Ylmybarlag tebigy gaz institutynyň uly ylmy işgäri Döwletmyrat Mämmetdurdyýew 3-nji ýere mynasyp boldular. Ikinji bäsleşigiň jemi boýunça «Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň uly ylmy işgäri Nurmämmet Annamyradow, «Nebit-gaz» gazetiniň uly habarçysy Jeren Ataýewa, «Türkmennebit» DK-nyň TNGIZT-niň «Kenar» toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň maşinisti Aýterek Annamyradowa 1-nji ýeri, «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýörite işler boýunça baş hünärmeni Gülşat Myratmuhammedowa, «Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň laboratoriýa müdiri Bagtygül Annageldiýewa, «Türkmengeologiýa» DK-nyň Ahal gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň esasy gidrogeology Bägül Hommyýewa 2-nji orny, «Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň uly ylmy işgäri Orazsähet Baýramow, «Nebit-gaz» gazetiniň Balkan welaýaty boýunça habarçysy Andreý Pakulow, «Türkmengaz» DK-nyň Ylmybarlag tebigy gaz institutynyň esasy in­že­ne­ri Ha­lyk­ber­di Ata­ýew 3-nji ýeri eýelediler. Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

Dabaraly baýramçylyk çäresiniň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň adyna nebitgazçylaryň Ýüzlenmesi kabul edildi. Öýleden soňra baýramçylyk dabaralary «Türkmengaz» DK-nyň Medeni-işewürlik merkezinde dowam etdi. Bu ýerde merkeziň sungat ussatlary tarapyndan taýýarlanylan konserte tomaşa edildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy, nebitgazçylary, geologlary, ajaýyp döwrümizi wasp edýän şirin nagmalar we mukamlar dabaraly çäreleriň täsirini has-da artdyrdy.

Mämmet Mämmedow