Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky taryhyň, medeniýetiň, diliň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanýan gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlyk häsiýeti bilen tapawutlanýar. Dünýäniň energetika bazarynda möhüm orny eýeleýän iki ýurt syýasy dialogy pugtalandyrmaga, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, sebit howpsuzlygyny üpjün etmäge aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 24-25-nji noýabrda doganlyk Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açýar.
Ýurtlarymyzyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýlup, geçen döwürde köp sanly ylalaşyklary öz içine alýan berk şertnama-hukuk binýady kemala getirildi. Strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama özara gatnaşyklaryň ýokary derejesini tassyklaýan esasy resminama bolup durýar. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem sebit we halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli dialogy saklaýarlar. Ýurtlarymyz halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde hereketlerini utgaşdyryp, birek-biregiň parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny goldap çykyş edýärler. Gazagystan Türkmenistanyň halkara derejede ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesini üýtgewsiz goldap, oňa sebitde durnuklylygyň möhüm şerti hökmünde garaýar. Öz gezeginde, Türkmenistan hem Gazagystanyň netijeli başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar.
Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde «Akorda» köşgünde döwlet Baştutanymyz bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Dostlukly ýurduň Prezidentiniň belleýşi ýaly, Gazagystanda Türkmenistana doganlyk goňşy döwlet we strategik hyzmatdaş hökmünde garalýar. Hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigini hem-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny öz içine alýandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, bu ugurlaryň her biri boýunça hyzmatdaşlyk gurallary — hökümetara topary, ugurdaş iş toparlary we beýleki utgaşdyryjy düzümler üstünlikli hereket edýär. Bu düzümler ozal gazanylan ylalaşyklary netijeli durmuşa geçirmäge, bilelikdäki başlangyçlary ilerletmäge ýardam berýär.
Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilelikdäki tagallalaryň netijesinde strategik hyzmatdaşlygyň iki doganlyk halkyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti okgunly ösdürilýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada aýdyp, Gazagystanda we Türkmenistanda iki halkyň ruhy-medeni mirasyna uly goşant goşan görnükli şahsyýetleriň, hususan-da, Astana şäherinde Magtymguly Pyragynyň, Aşgabatda bolsa Kurmangazy Sagyrbaýulynyň we Abaý Kunanbaýewiň ýadygärlikleriniň açylandygyna ünsi çekdi. Munuň özi doganlyk halklarymyz tarapyndan uly ruhubelentlik bilen kabul edildi.
Dostlukly ýurduň Lideri döwlet Baştutanymyzy, ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady. Şeýle-de ol Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde ýurdumyzyň BMG bilen bilelikde geçirýän çäreleriniň ähmiýetini belläp, dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşjakdygyny tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň syýasy-diplomatik ulgamda parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, energetika durnuklylygyny pugtalandyrmak, ulag arabaglanyşygyny ösdürmek, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edýändigine ünsi çekdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň, «Merkezi Aziýa +» formatynyň we beýleki sebit mehanizmleriniň çäklerinde özara hereketleri mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Şol sanda Türkmenistanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklaryna Azerbaýjanyň doly hukukly agza hökmünde goşulmagyna möhüm ähmiýet berýändigi bellenildi. Munuň özi sebit formatynyň ornuny pugtalandyrmak bilen, Merkezi Aziýanyň hem-de Günorta Kawkazyň özara baglanyşygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.
Şular bilen bir hatarda, ekologiýa ulgamynda senagat galyndylaryny gaýtadan işlemek, «ýaşyl» gurluşyk, Aral we Hazar deňizleriniň ekoulgamyny goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigi bellenildi. Söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlyk babatda özara haryt dolanyşygynyň durnukly ösýändigi aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň energetika ulgamynda Gazagystan bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny, uglewodorod serişdelerini çykarmagyň netijeliligini we ekologik howpsuzlygy ýokarlandyrmak boýunça tejribe alyşmaga, elektroenergetika, himiýa senagaty, metallurgiýa, maşyngurluşyk, dokma senagaty, nebithimiýa, tebigy gazy gaýtadan işlemek, şäher gurluşygy pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmäge açykdygyny tassyklady.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ulag-logistika ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan awtomobil ýol infrastrukturasyny ösdürmek babatda utgaşykly işler alnyp barylýar. Şu aýyň başynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi işe girizildi, Türkmenbaşy şäherinden türkmen-gazak döwlet serhedine çenli awtomobil ýolunyň gurluşygy dowam edýär. Sanly ykdysadyýet, innowasiýalar, oba hojalyk toplumy hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Suw serişdelerini netijeli peýdalanmak meselesi ikitaraplaýyn, şeýle-de sebit gün tertibinde möhüm orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz medeni-ynsanperwer ulgamyň türkmen-gazak gatnaşyklarynyň möhüm bölegidigini belläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş, bedenterbiýe, sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda-da giň mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.
Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň barşynda döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň iň ýokary sylagy — «Altyn Kyran» ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy. Dabaranyň dowamynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň durmuş-ykdysady kuwwatyny, halkara abraýyny, döwlet gurluşyny yzygiderli berkitmekde görnükli döwlet işgäri we parasatly ýolbaşçy hökmünde hormatly Prezidentimiziň aýratyn ornuny nygtady. Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň «Altyn Kyran» ordeni bilen sylaglanylmagy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň iki ýurduň, şeýle hem türkmen we gazak halklarynyň arasynda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň, dostlugyň berkidilmegine goşýan ägirt uly goşandynyň, ata Watanymyzyň dünýä giňişligindäki belent abraýynyň ykrar edilmeginiň ýene-de bir aýdyň nyşanydyr.
Soňra Bilelikdäki Beýannama gol çekmek hem-de ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Hemmeleriň el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Bu resminamalar dostluk, hoşniýetlilik, goňşuçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadyny has-da berkider.
Iki ýurduň döwlet Baştutanlary metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. Dostlukly ýurduň Prezidenti geçirilen gepleşikleriň netijelerini teswirläp, sebit we ählumumy derejede durnuklylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek üçin türkmen tarapy bilen mundan beýläk-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady. Hususan-da, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak we maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak babatda gazanylan tejribäni nazara almak bilen, türkmen tarapyna bu ulgamda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi teklip etdi. Şeýle hem Gazagystan tarapyndan Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriň biriniň şahamçasyny açmak mümkinçiligine seretmegiň teklip edilendigi bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz hem metbugat wekillerine ýüzlenip, geçirilen duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki çäreleri geçirmek barada ylalaşyldy. Gazagystana ikinji gezek döwlet sapary bilen gelendigini nygtap, hormatly Prezidentimiz türkmen tarapynyň gepleşikleriň netijelerine çuňňur kanagatlanma bildirýändigini nygtady.
Saparyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz «Alem.AI» halkara emeli aň merkezine baryp gördi. «Alem.AI» emeli aň tehnologiýalaryny, bilimi we innowasiýalary ösdürmek maksady bilen döredilen halkara emeli aň merkezidir. Ol Astana şäherinde ýerleşip, Gazagystany ýokary tehnologiýalar ulgamynda öňdäki orunlara çykarmaga gönükdirilen strategik taslamalaryň biri bolup durýar. Täze tehnologik we ykdysady ösüşi goldamak, emeli aň ulgamynda ylmy barlaglary, startaplary, öňdebaryjy çözgütleri ornaşdyrmak üçin toplumlaýyn gurşawy döretmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, emeli aň çözgütleriniň eksportyny giňeltmek merkeziň esasy maksatlarydyr.
Ýeri gelende, hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň Astanada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýandyklaryny bellemek gerek. Şeýle hem saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýet agzalary gazak kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Olaryň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyklaryň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi.
Jemläp aýdanyňda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gazagystan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary iki doganlyk halkyň arasynda barha pugtalanýan strategik hyzmatdaşlygyň aýdyň subutnamasy boldy. Çünki saparyň dowamynda dürli ulgamlarda gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen resminamalar ikitaraplaýyn hem-de sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin berk binýady döretmäge gönükdirilendir.
Ataýew Döwlet,
«Türkmennebit» DK-nyň "Türkmenistanyň Nebiti, gazy we mineral serişdeleri" žurnalynyň redaksiýasy "Sanly habarlar" bölüminiň IT hünärmeni







