Her ýyl geçirilýän telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergisi we ylmy maslahat ýurdumyzyň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary pudagynda iň möhüm çäreleriniň biri bolup, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar we telekommunikasiýa ulgamlarynda gazanylan sepgitleri tanyşdyrmak hem-de tejribe alyşmak üçin giň mümkinçilik berýär.
Sergide aýratyn üns Türkmenistanda ilkinji “akylly şäher” hökmünde bina edilen Arkadag şäherine berilýär. Bu şäher, ýurdumyzyň ýokary tehnologiýalara we sanly ykdysadyýete geçmäge bolan ygrarlylygyny aýdyň görkezýär. Arkadag şäheri, şähergurluşykda döwrebap çözgütleri we innowasion tehnologiýalary birikdirýän ýeke-täk taslama hökmünde çykyş edýär. Sergi diwarlyklarynda onuň infrastrukturasyna ornaşdyrylan iň täze tehnologiýalar, ýokary hilli aragatnaşyk, internet we emeli aň ulgamynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrylýar.
Forumyň dowamynda, şol sanda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň bölüminde, sanly ulgama geçiş, ýokary hilli internet we ykjam aragatnaşyk hyzmatlarynda gazanylan üstünlikler görkezilýär. Döwlet hyzmatlarynyň bitewi portalynyň (e.gov.tm) ornaşdyrylmagy, raýatlara elektron görnüşde hyzmatlary kabul etmek we işlemek mümkinçiliklerini berýär. Hususy we döwlet kärhanalarynyň diwarlyklarynda sanly ykdysadyýetde innowasion çözgütleriň orny görkezilýär.
Arkadag şäheriniň “akylly” şäher konsepsiýasy, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we ylmy-tehniki ösüşlerini amala aşyrmakda örän möhüm taslama bolup, şäherdäki infrastruktura sanly platformalaryň esasynda işleýär. Dolandyryş we howpsuzlyk ulgamynda emeli aň tehnologiýalary ulanylýar, şäherde ekoulgam we sanly hyzmatlaryň bitewüligi üpjün edilýär. Bu taslamalar şäheriň ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrýar we ýurduň sebitdäki ykdysady ösüşine uly goşant goşýar.
Sergi gatnaşýanlar üçin dünýäniň öňdebaryjy telekommunikasiýa kompaniýalarynyň innowasion çözgütleri bilen tanyşmak, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek we sanly hyzmatlaryň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin giň meýdança bolýar. Bu ýerde, hususan-da, Arkadag şäherinde amala aşyrylan innowasion tehnologiýalaryň jemgyýetçilik we ýaşaýyş ulgamyna goşýan täsirleri aýratyn görkezilýär.
Ýurduň ýokary derejeli hünärmenleri sanly ulgamlar, programma üpjünçilikleri, mobil goşundylary we telekommunikasiýa taslamalary boýunça täze tejribeleri öwrenip, Arkadag şäheriniň ösüşine goşant goşýarlar. Bu ugurda hususy kompaniýalaryň orny hem möhüm bolup, olar sanly we innowasion tehnologiýalary şäherde we ýurduň beýleki sebitlerinde ornaşdyrýarlar.
Sergi we ylmy maslahat, Arkadag şäheri bilen bir hatarda, ýurdumyzyň telekommunikasiýa, maglumat we aragatnaşyk ulgamlarynyň geljegini hem görkezýär. “Akylly” şäher konsepsiýasy boýunça amala aşyrylan işler, Türkmenistan tarapyndan sanly ykdysadyýete geçmek we innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak babatda yzygiderli ädimleriň biri hökmünde sergilenýär.
Meläýewa Baýrambibi,
“Türkmennebit” döwlet konserniniň Daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirliginiň Daşary ykdysady aragatnaşyklar bölüminiň baş hünärmeni







