Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistan täze nebitgaz ýataklaryny özleşdirmegi meýilleşdirýär
15.10.2025

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika syýasatynyň netijesinde ýangyç-energetika toplumy sazlaşykly we hemme taraplaýyn ösdürilýär. Ýurdumyz nebitiň we gazyň baý gorlaryna eýe bolup, guýulary burawlamakda we känleri özleşdirmekde, önümiň çykarylyş tizligini ýokarlandyrmakda, alnan önümleri gaýtadan işlemekde baý tejribe toplady. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen tebigy gazyny dürli ugurlar boýunça eksport etmäge täze mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, uglewodorod çigmalyny gaýtadan işleýän önümçilikleriň kuwwaty artdyrylýar.

Ulgamyň kärhanalary innowasion esasda kämilleşdirilip, tehniki we tehnologik taýdan doly enjamlaşdyrylýar. Häzirki wagtda «Galkynyş», Döwletabat, Malaý, Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy, Bagaja, Gazly depe, Körpeje, Nebitlije, Ak patlawuk, Çekişler nebitgaz ýataklarynyň iri möçberde gorlary bardyr. Geljekde bu pudagyň önümçiligini has ýokarlandyrmak üçin täze ýataklary özleşdirmek bilen bir hatarda, öňki bar bolan känleri abatlamak, geljegi uly nebit we gaz gorly sebitleri ýüze çykarmak göz öňünde tutulýar.

Döwletimizde nebiti çykarmak we ulanmak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan möhüm işler alnyp barylýar. Milli baýlyklarymyzyň hatarynda duran «gara altyn» Uzynada, Barsagelmez, Demirgazyk Goturdepe, Gamyşlyja, Keýmir, Altyguýy ýaly nebite baý bolan ýataklardan alynýar. Şeýle hem Diýarymyzyň gury ýerleri bilen birlikde, Hazar deňziniň türkmen böleginde bar bolan ýataklar netijeli özleşdirilýär. Deňiz ýalpaklygynda uglewodorodlary gözlemäge we kenarýaka düzümleri kemala getirmäge, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmaga, ekologik howpsuzlygy ýokarlandyrmaga, innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga energetika pudagynda möhüm orun berilýär.

Tebigaty goramak we howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen halkara energetika hyzmatdaşlygynda arassa energiýa geçmegiň bähbitleri möhüm wezipeleriň biri hasaplanylýar. Türkmenistanda bu ulgama aýratyn üns berilýändigini bellemek zerurdyr. Watanymyzda kabul edilen döwlet maksatnamalary we bu ugurda ýerine ýetirilýän işler munuň aýdyň mysalydyr.

 

Çeşme: “Nebit-gaz” gazeti