Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Nebitgaz toplumynda ýylyň sekiz aýynyň jemlerine garaldy
02.09.2025

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda sekiz aýda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 29-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen hasabat ýygnagynda Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary hasabat bilen çykyş etdiler.

Hasabat ýygnagynda ýurdumyzda nebitiň, tebigy gazyň, gaz kondensatynyň, suwuklandyrylan gazyň çykarylyşyny artdyrmak, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini toplumyň işinde giňden ulanmak, «Galkynyş» gaz käninde tapgyrlaýyn alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, geljegi uly täze känleri we gatlaklary ýüze çykarmak, milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny netijeli ösdürmek, howa şertlerine görä, işleri talabalaýyk amala aşyrmak, edara-kärhanalaryň, ilatyň tebigy gaz bilen üpjünçiligini has-da kämilleşdirmek we beýleki wajyp ugurlar boýunça çykyşlara giň orun berildi.

Wise-premýer Batyr Amanow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda durmuşa geçirilýän iri taslamalary elmydama gözegçilikde saklamagyň, önümçilik, ösüş meýilnamalarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň, Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyny güýçli depginler bilen dowam etdirilmeginiň, kärhanalaryň doly güýjünde we bökdençsiz işlemegini üpjün etmegiň, gyş paslyna ýokary derejede taýýarlyk görmegiň, milli ýangyç-energetika ulgamynyň dünýäniň häzirki ösen derejesine laýyklykda ösdürilmeginiň möhümdigini belläp, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň öňünde wajyp wezipeleri kesgitledi.

Hasabat ýygnagyna Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew hem gatnaşdy.

Çeşme: «Nebit-gaz» elektron gazeti