Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Umumadamzat bähbitli forum
18.08.2025

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty bütin dünýäde deň mümkinçilikler barada ählumumy dialogy ilerletmekde möhüm meýdança boldy.

Hazaryň türkmen kenarynda geçirilen forum dürli döwletleriň, halkara guramalaryň wekillerine ileri tutulýan milli ugurlar we möhüm wezipeleri çözmekdäki garaýyşlar bilen tanyşmaga mümkinçilik döretdi. Forumyň esasy maksady deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geografik ýerleşişi bilen baglylykda ýüzbe-ýüz bolýan bökdençliklerini aradan aýyrmaga mümkinçilik berjek netijeli gurallary işläp taýýarlamakdan ybarat boldy.

Giň gerimli maslahatyň netijeleri boýunça kabul edilen esasy resminama bolan

täz­e­ oný­yll­yk­ maks­at­na­ma­ —­ Her­e­ketl­e­riň Awaza maksatnamasyna geçilmegi bilen, ählumumy hem-de sebit derejesinde ulag, energetika, söwda-ykdysady, sanlylaşdyrma ýaly ugurlarda tagallalary birleşdirmek forumyň esasy netijeleriniň biridir. Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durnukly ösüşini üpjün etmäge saldamly goşant goşar.

Gözel ANNAGELDIÝEWA, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy


Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti