Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
PUDAGYŇ ÜSTÜNLIKLERI
16.07.2025

Türkmenistan nebitiň we gazyň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň örän ähmiýetli pudagy bolup durýan ýangyç-energetika toplumynyň mümkinçiliklerini ynamly ösdürýär. Guwandyryjy ösüşleri gazanmak Gahryman Arkadagymyzyň döwrebap başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nebit-gaz pudagynyň täze önümçilikleriniň döredilmegine, olarda iň häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna uly üns berýändigi we taýsyz tagallalary edýändigi netijesinde mümkin boldy.

Ýangyç-energetika toplumynyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek, Hazar deňziniň türkmen kenarýaka zolaklarynda nebitgaz baýlyklarynyň senagat taýdan çalt depginler bilen özleşdirilmegini gazanmak, işlenip taýýarlanylýan känleriň netijeli ulanylyşyny üpjün etmek, gaz-himiýa senagatynyň, gaýtadan işleýän pudagyň geljekki ösüşi, önümçiliklere öňdebaryjy, in nowasion tehnologiýalaryň we döwrebap tehnikalaryň ornaşdyrylmagy bolup durýar.

Gaz senagatynda «mawy ýangyjy» içerki we daşary ýurt sarp edijilerine eltmek bilen, ýerasty baýlyklaryň tygşytly we netijeli ulanylmagyny üpjün etmek hem esasy meseleleriň biridir. Bu meseläniň ähmiýeti hormatly Prezidentimiziň öňde goýan türkmen gazyny daşary ýurtlara ibermegiň köptaraply ugurlaryny döretmek strategiýasyna laýyklykda has-da artýar.

Batyr NURLYÝEW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň mugallymy

Çeşmesi: "Nebit-gaz" gazeti