
Döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soň, Türkmenistan gysga wagtyň içinde içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen üpjün etmegi başardy. Önümçiligiň ýuwaş-ýuwaşdan giňeldilmegi netijesinde energiýanyň möçberi artdy we onuň artýan bölegini daşary ýurtlara eksport edýän döwlete öwrüldi. Sebitde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda Watanymyzyň durmuşa geçirýän iri taslamalarynyň arasyndaTürkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisi bilen bilelikde çekilýän Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçiriji ulgamy wajyp ähmiýete eýedir. TOP ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamy Owganystany we Pakistany türkmen elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge we Günorta Aziýanyň beýleki ýurtlaryna ibermäge mümkinçilik berer.
Soňky ýyllarda döwrebap elektrik beketleri işe girizildi, täze energetika enjamlary oturdyldy we müňlerçe kilometre uzap gidýän elektrik geçirijileri täzelendi. Elektrik ulgamyny halkara ölçeglerine laýyk getirmek maksady bilen halkalaýyn energoulgamy döretmek taslamasy netijeli durmuşa geçirildi. Bu taslamanyň netijesinde ýurdumyzyň içinde bir bitewi energoulgamyň kemala gelendigini bellemek gerek.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe elektrik energetika pudagynyň önümçiligini dünýäde öňdebaryjy orunlara çykarmak üçin «ýaşyl» energetikany ornaşdyrmak hem möhümdir. Bu ugurda döwletimizde «Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýanyň» kabul edilmegini we «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hereket edýändigini bellemek bolar. Meýilnamalara laýyklykda, ýurdumyz boýunça köpugurly Gün we ýel elektrik bekedi gurulýar. Bu hem Watanymyzyň arassa energetika syýasatyna geçmeginde wajyp ädimdir.
Enejan GÖKJÄÝEWA
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň Balkanabat bölüminiň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy
Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti