
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde (HNGU) «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary hünärli inženerleri taýýarlamakda innowasion tehnologiýalaryň orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahatda bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň giň gerimde ösdürilişi, döwrebap okuw usullarynyň talyplaryň hünärleri düýpli özleşdirmegine oňyn täsiri, ýokary hünärli inženerleri taýýarlamak üçin döredilen mümkinçilikler, olardan ýaşlaryň netijeli peýdalanyşy, bu ýokary okuw mekdebinde ýyl-ýyldan täze hünärleriň açylyşy barada çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge ukyply ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen giň gerimli işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan möhüm wezipeleri ýurdumyzyň intellektual kuwwatyny pugtalandyrmaga, ylym ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir.
Hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlarynyň giňeldilmegi bilen bir hatarda, maddy-tehniki binýadyň, okuw we ylym işiniň pugtalandyrylmagy ylmy we tejribelik işiniň gerimini has-da giňeltmäge mümkinçilik berýär. Sebäbi häzirki zaman ýokary okuw mekdebi diňe bir dürli ugurlar boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin binýat bolman, eýsem, ýurdumyzyň we jemgyýetiň gülläp ösmegini, halkymyzyň intellektual mümkinçilikleriniň doly derejede durmuşa geçirilmegini şertlendirmek bilen, talyplardyr mugallymlaryň arasynda ýola goýlan döredijilik hem-de ylmy gatnaşyklaryň kemala gelýän ýeridir.
Ylmy-amaly maslahatyň işi umumy mejlisden soňra 8 sany bölümçede dowam etdi. Bölümçelerde bolan çykyşlarda multimedia tehnologiýalarynyň, döwrebap kompýuterleriň, sanly bilim ulgamynyň amatlyklary giňişleýin nygtalyp geçildi.
Döwlet TEJENOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň uly mugallymy.
Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti