
Häzirki wagtda nebitgaz senagatynda nebit çykarylýan ulanyş guýularynyň durnukly işleýşine päsgel berýän çylşyrymlaşmalaryň hatarynda göteriji sütünlerde we guýy enjamlarynda parafin we duz gatlaklarynyň emele gelmeginiň garşysyna dürli usullar ulanylýar. Turba sütünleriniň, geçirijileriniň poslama zerarly ulanyş möhletiniň azalmagy ýaly säwlikler esasy meseleleriň biri bolmagynda galýar. Bu ugurda himiki, fiziki, ýylylyk, mehaniki we mikrobiologiýa usullaryndan peýdalanylýar, ýöne şol usullaryň hiç biri agzalan meseleleri doly çözüp bilmeýär.
Magnitli gurluş önümçilige ornaşdyrylanda tehnologiýa täsir etmeýär, guýy abatlamanyň sany azalýar we abatlama aralygy (möhleti) uzalýar, nebitiň özüne düşýän gymmaty peselýär. Bu usulda suw-nebitli emulsiýa ýa-da suw magnit konturynyň aralygyndan geçirilýär, ol bu ýerde täze fiziki häsiýete eýe bolýar, düzümiň himiki häsiýetini bolsa üýtgetmeýär. Magnit meýdany bilen işlenen guýy suwuklygyndaky organik däl duzlar we asfalten, parafin şepbigi enjamlaryň içki üstünde gaty gatlaklary döretmek ukybyny ýitirýär, olaryň kristallaşma merkezi dargaýar, çökündä düşmeýär we hereketiň dowamynda akym bilen ýokary agyz üste çykýar. Nebiti taýýarlamagyň tehnologiýasynyň dowamynda ondan aýrylýar.
Suw-nebitli emulsiýanyň we suwuň magnit meýdany bilen işlenilýän usulynyň aşakdaky ýaly artykmaçlyklary bar:
1. Nebit magnit meýdany bilen işlenilende asfalten-parafin-şepbik çökündiniň emele gelmegi 90 göterime, duz gatlagynyň emele gelmegi 45 göterime çenli peselýär. Gidrat dykysynyň emele gelmeginiň ähtimallygy 3 — 5 esse azalýar.
2. Magnitlenen suwuň posladyjylygy peselýär. Suw ulgamy ilkinji gezek işlenende metal üçin poslama tizliginiň 50 göterime çenli peselýändigine gözegçilik edildi. Ýapyk ulgamda magnit meýdany üznüksiz köwlenmeli hereket bilen täsir edilende poslama garşy netijelilik 95 göterime ýetýär.
3. Gatlagyň düýpýan zolagyna basmarlanýan magnitlenen suw toýnuň çişmesini peseldýär, onuň fiziki häsiýetiniň üýtgemegi bilen baglylykda, guýynyň sygdyryjylygy ulalýar.
4. Magnitlenen suwuň doňma temperaturasy adaty suwdan 5 — 10o C pesdir, bu ýylyň gyş paslynda GBS (gatlak basyşyny saklamak) ulanmagyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrýar.
Edebiýatlarda laboratoriýa barlaglarynyň maglumatlaryndan belli bolşy ýaly, dürli düzümde taýýarlanan köpürjikli sement daşynyň ergininiň magnit meýdanynda işlenenden soň, berklik häsiýeti ýokarlanýar. Magnit meýdanynda işlenen köpürjikli sement ergininiň akyjylygy 9 — 11 santimetre çenli peselýär we dykyzlygy ýokarlanýar. Guýy magnit işjeňleşdiriji ulgamyň ulanylyşy ýönekeý, ol tehnologiýanyň geçişine, işgäre we daşky gurşawa zyýanly täsir etmeýär. MIU guýa gaýta goýberilende, geçiş kesigini ferromagnit bölejiklerinden (okalin, pos önümleri, demir gyryndylary) arassalamaga mümkinçilik berýär. Magnit işjeňleşdiriji ulgamyny biziň ýerli nebitgaz ýataklarymyzda ulanmak, synag etmek mümkinçilikleri we laboratoriýa şertlerinde magnitiň ähmiýetliligini anyklamak üçin bu ugurdan ylmy iş alyp, içgin öwrenmek zerur bolup durýar.
Näzgeldi BAÝRAMGELDIÝEW,
«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri.
Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti