Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
BU­RAW­LAÝ­JY­LA­RYŇ BE­LENT BE­LENT SEP­GIT­LE­RI
13.06.2025

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Ekerem» buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny ýokary zähmet üstünliklerine besläp, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna mynasyp zähmet sowgatly barýarlar. Ekeremli baýlyk gözleýjiler şu ýylyň geçen bäş aýynda 19 müň 500 metr ýerasty çuňluk geçmegi başardylar. Onuň agramly böleginiň ulanyş maksatly çuňluk bolmagy has-da buýsançlydyr. Olar bu döwürde iki guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamladylar.

Müdirligiň Hajymämmet Arazmämmedow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän burawlaýjylar topary Demirgazyk Goturdepe baýlyklar känindäki 356-njy ulanyş maksatly guýynyň buraw işlerini netijeli tamamlap, ondan «gara altynyň» senagat akymyny almagy başardylar. «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirligine ulanyşa tabşyrylan bu «gara altynly» guýynyň gazuw işlerinde Russiýa Federasiýasynyň «Uralmaş — 3D» buraw desgasy ulanyldy. Şeýle hem burawlaýjylar ýakynda Şatut känindäki 7-nji guýynyň gazuw işlerini netijeli tamamladylar.

Şeýle guwandyryjy netijäniň gazanylmagyna soňky döwürde has kuwwatly buraw desgalarynyň önümçilige yzygiderli ornaşdyrylmagynyň oňaýly täsirini ýetirýändigini burawlaýjylar buýsanç bilen nygtaýarlar. «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nebitgazçylara berýän yzygiderli hemaýat-goldawlary biziň gazanýan üstünliklerimize aýgytly täsirini ýetirýär. Müdirligimiz boýunça önüm berýän guýularyň her birine tehniki gözegçilik pugta ýola goýulýar. Burawlaýjylarymyz tarapyndan şu ýylyň başyndan bäri öňde goýlan meýilnama üstünlikli ýerine ýetirildi.

Gazanylan bu zähmet üstünliklerinde buraw ussalary Maksat Jumaýewiň, Ata Handurdyýewiň, Meretmuhammet Muhamowyň, Resul Berdiýewiň, Myrat Nyýazowyň, Sähetweli Durdyýewiň ýolbaşçylygyndaky burawlaýjylaryň saldamly goşantlary bar. Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolan nebitgaz toplumyna berýän yzygiderli goldawlary netijesinde daşary ýurtlardan satyn alynýan iň bir kuwwatly buraw desgalaryna başarjaňlyk bilen erk edýän burawlaýjylarymyz şu günler Uzynada, Demirgazyk Goturdepe, Şatut, Akpatlawuk, Porsy, Günorta Gamyşlyja, Demirgazyk Ekerem, Keýmir we Ekerem ýaly baýlyklar känlerinde has çuň gatlaklara ynamly aralaşmagy maksat edinip, gaýratly zähmet çekýärler.

Şu günler burawlaýjylarymyz Ekerem baýlyklar käninde täze gazylýan 101-nji guýynyň gazuw işlerini tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar. Olar bu guýyny ýakyn günlerde nebitçilere tabşyrmagy maksat edinýärler» diýip, «Ekerem» buraw işleri müdirliginiň başlygy Arslan Annaesenow gürrüň berdi.

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW,

"Nebit-gaz"

Ceşme: "Nebit-gaz" gazeti