
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda elektrik energetikasyna uly üns berlip, ylmyň täze basgançaklaryna ynamly ädimler ädilip, bu ugurda ähli şertler hem-de giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we pugtalandyrmak, şeýle hem kämil hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda eziz Diýarymyzda belent sepgitlere ýetilip, her günümiz şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzyň beýleki ulgamlary bilen birlikde, energetika ulgamynda hem üstünlikler gazanyldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ykdysadyýetiň möhüm ugry bolan energetika ulgamynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmek we önümçilikde işläp ýören hünärmenleriň hünär derejelerini kämilleşdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa ýoly arkaly ýokary depginler bilen döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen birlikde, energetika senagatynyň ösdürilmegi üçin hem zerur şertler döredildi. Bu ugurda kämil hünärmenleri taýýarlamak, şeýle hem hünärmenleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň aýratyn üns bermegi hem-de pudagy ösdürmäge goýulýan ägirt uly maýa goýumlar netijesinde, soňky ýyllarda ýurdumyzyň elektroenergetikasynyň önümçilik kuwwatlyklary ençeme esse ýokarlandy. Ýurdumyzda täze elektrik stansiýalary, elektrik geçiriji liniýalary we energiýa paýlaýjy desgalar gurlup ulanylmaga berildi.
Aýgül ŞAMYRADOWA,Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň inženeri.
Çeşme: Türkmenmetbugat