Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Işler talabalaýyk alnyp barylýar
10.06.2025

Ýurdumyzda iri önümçilik-hojalyk pudagy bolan «Türkmennebit» döwlet konserni öz düzüminde esasy müdirlikler bilen bir hatarda, ýardam beriji müdirlikleriňem birnäçesini jemleýär. Şolaryň biri-de «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Burnebitgazhyzmat» müdirligidir. Onuň esasy wezipesi kärhanalary buraw we oturtma turbalar bilen üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Turbalary gazuw işleri alnyp barylýan önümçilik meýdançalaryna öz wagtynda eltmek, şeýle-de olary ulanmaga taýýarlamak we abatlamak, tehniki synag we gözegçilik etmek, ulag we ýörite tehnikalar bilen baglanyşykly hyzmatlary bitirmek ýaly işler müdirlik tarapyndan bökdençsiz ýerine ýetirilýär.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» tresti tarapyndan ýylyň başyndan bäri 1 million 278 müň 817 tonna «gara altyn» çykaryldy. Munda işine ezber burawlaýjylaryň mynasyp paýynyň bardygy öz-özünden düşnüklidir. Sebäbi nebitdir gazyň bol mukdarynyň çykarylmagy burawlaýyş işleriniň giň gerimde alnyp barylmagyna bagly bolup durýar. Konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary tarapyndan ýylyň başyndan bäri 57 müň 246 metr ulanyş we 16 müň 51 metr gözleg guýulary gazyldy. Meýdançalarda burawlaýyş işlerini alyp barýan kärhanalary «Burnebitgazhyzmat» müdirligi degişli turbalar bilen wagtly-wagtynda üpjün edip durdy. Müdirlikde göterijiligi 12,5 tonna bolan köpri-kranlaryň, 12 tonnadan 25 tonna çenli agyrlykdaky ýükleri götermäge ukyply kranly awtoulaglaryň, turbalary daşamak üçin ýöriteleşdirilen kuwwatly awtoulaglaryň birnäçesi bökdençsiz işledilýär.

Önümçilik ýerleri bolan Goturdepede, Körpejede, Ekeremde we Akpatlawukda müdirligiň turba meýdançalary bar. Gazuw işi alnyp barylýan Barsagelmez we Uzynada ýaly ýerler-de şu müdirlik tarapyndan turbalar bilen üpjün edilýär. Müdirligiň özünde dört sany ülüş bolup, olarda burawda ulanylýan oturtma turbalary gaýtadan işe girizmekde hem netijeli işler bitirilýär. Ol turbalar göneldilip, hyrlanyp, burawlaýjylara ugradylýar. Kärhanadaky kuwwatly «ASW-1050» we «ASW-700» kysymly enjamlar burawlaýjylara ugradylýan turbalaryň abatlygyny, basyşa çydamlylygyny doly anyklamaga mümkinçilik berýär. Pudaga gelip gowuşýan täze turbalardan başlap, ozal ulanyşdan gelen turbalara çenli ählisi müdirligiň buraw turbalaryny abatlaýan sehiniň tehniki gözegçilik gullugynda barlanyp pasportlaşdyrylýar. Bu gullugyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň düzüminde şeýle jogapkärçilikli işi amala aşyrýan ýeke-täk gullukdygyny bellemek gerek.

Nebit we gaz çykarmak boýunça meýilnamalaryň üstünlikli berjaý edilmegi üçin ýerine ýetirilýän hyzmatyň hiliniň hemişe ýokary bolmagyny gazanmak, guýulary burawlamaga we olaryň gurluşygyna sarp edilýän möhleti azaltmak üçin zerur bolan çäreleri üpjün etmek, turbalaryň ulanylyşynyň netijeli bolmagyna gözegçiligi ýola goýmak, buraw we oturtma turbalaryny iň az zähmet we maddy çykdajylar bilen ulanmaga taýýarlamak ýaly derwaýys işler-de «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň işjanly hünärmenleriniň yhlasly zähmeti arkaly amala aşyrylýar. Bu kärhana Körpeje, Ekerem, Goturdepe, Nebitdag buraw işleri müdirliklerini buraw we oturtma turbalary, agyrlaşdyrylan buraw turbalary, dörtburç alyp baryjy buraw turbalary, buraw we oturtma turbalary geçirijiler, ters klapanlar, başmaklar bilen yzygiderli üpjün edip durýar.

Müdirligiň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölümi tarapyndan işgärleriň zähmet düzgün-tertibiniň talaplaryny berk berjaý etmekleri, önümçilik ýerleriniň howpsuz ýagdaýda bolmagy barada yzygiderli alada edilýär. Zähmet howpsuzlygy boýunça hemişelik hereket edýän iş toparynyň barlag tertibine laýyklykda, ýylyň dowamynda sehlerde we ülüşlerde barlaglar geçirilip durulýar. Sehlerde işlemek üçin zerur bolan ähli şertler döredilen. Işçiler ýörite egin-eşikler we gorag serişdeleri bilen wagtly-wagtynda üpjün edilip durulýar.

«Burnebitgazhyzmat» müdirliginde talabalaýyk alnyp barylýan işler onuň zähmet köpçüliginiň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny ýokary netijeler bilen jemlejekdigine şaýatlyk edýär.

Amanmyrat KIÇIGULOW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň hünärmeni.

Çeşme: Türkmenmetbugat