Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Demirgazyk Gazlydepe hazynasyny eçilýär
03.06.2025

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ileri tutup ösdürmäge çynlakaý üns berýär we möhüm çözgütleri kabul edýär. Şeýle taýsyz tagallalar ýerlerde uglewodorod serişdeleriniň goruny artdyrmak ugrunda alnyp barylýan işlere giň gerim bermegi şertlendirýär. Bu möhüm işe «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň agzybir we başarjaň işgärleri ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Olaryň çekýän maksada okgunly zähmetleri ýerine-de düşýär. Baýlyk agtaryjylar golaýda ildeşlerimizi ýene bir hoş habar bilen begendirdiler. Ekspedisiýanyň Aganyýaz Akyýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän toparynyň agzalarynyň Demirgazyk Gazlydepe käninde burawlan barlag guýusyndan tebigy gazyň bol akymy alyndy. Hünärmenler bu guýynyň önüm berijiliginiň tebigy gazyň bir gije-gündizde 420 müň kub metrine, gaz kondensatynyň hem 5 tonnasyna barabardygyny tassyklaýarlar.

«Bu känden indi köp ýyllardan bäri tebigy gaz alnyp gelinýär. Şol sebäpli önüm berýän guýular pes basyşly hasaplanýar. Ýöne hünärmenler bu käniň baýlyklara baýdygyny çaklaýarlar. Alyp barýan işlerimiz hem şol çaklamalara esaslanýar. Biziň burawlan barlag guýymyzyň 3 müň 85 — 3 müň 89 we 3 müň 108 — 3 müň 123 metr aralyklaryndan tebigy gazyň bol gorunyň üsti açyldy. Munuň özi, ýokarda belleýşimiz ýaly, gürrüňi gozgalýan käniň uly geljeginiň bardygyny ynamly tassyklaýar» diýip, ekspedisiýanyň baş geology Sünnet Hatamow gürrüň berýär.

Hawa, lebaply baýlyk agtaryjylaryň çekýän gaýratly zähmeti özüniň mynasyp miwesini berdi. Olar ajaýyp üstünlikleriniň hormatly Prezidentimiziň özleriniň ýokary öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin örän amatly şertleri döretmegi, hemmetaraplaýyn goldaw-hemaýat bermegi netijesinde mümkin bolandygyny kanagatlanma bilen belleýärler. Burawlaýjylaryň ýolbaşçysy uly zähmet ýeňşinde toparyň agzalarynyň her biriniň mynasyp paýynyň bardygyny hem guwanç bilen belleýär. Bu babatda geolog Şöhrat Işangulyýewiň, burawlaýjylar Durdy Ilmyradowyň, Serdar Gulnazarowyň bitirýän işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Olar özleriniň ýokary hünär ussatlygy, başarjaňlygy bilen kärdeşlerine mynasyp görelde görkezýärler we olary has tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýarlar.

Ýeri gelende baýlyklar mekany bolan Üňüzaňyrsy Garagumda barlag-gözleg işleriniň giňden alnyp barylýandygyny bellemek ýerlikli bolar. Bu gerimli işler «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň arasynda işlenip düzülen we tassyklanan meýilnamanyň çäginde alnyp barylýar. Bu meýilnama 2024 — 2026-njy ýyllarda olaryň hasaplaryndaky kükürtsiz gaz känlerinde gözleg-barlag, baha beriş-ulanyş guýularyny burawlamagy öz içine alýar. Onuň çäginde geçen ýylda Çartak, Täçmyradow meýdançalarynda burawlanan guýulardan tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Şu ýylyň geçen döwründe hem baýlyk agtaryjylar ýokary netijeli işlediler. Ýokarda gürrüňi edilen guýudan başga-da Hazarly meýdançasynda burawlanan guýudan hem bol önüm alyndy. Häzirki günlerde bolsa Tebigy, Demirgazyk Köseşor meýdançalarynda täze guýulary burawlamak işleri ýokary depginde dowam edýär. Bu bolsa ussat burawlaýjylaryň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny rowaçlyklara beslejekdiklerinden habar berýär.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,

«Nebit-gaz».

Çeşme: Türkmenmetbugat