
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda giňden bellenilen Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Daşoguz şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada uly toý dabarasy tutulyp, onuň şatlyk-şowhuny çar tarapa ýaň saldy.
Şol pursatda bu ýere halkymyzyň gadymy halyçylyk sungatynyň muşdaklary, ezber elli halyçylar, welaýatymyzyň dürli ýerlerinden gelen myhmanlar ýygnandylar. Welaýatymyzyň medeniýet işgärleriniň, ýaş aýdymçylarynyň, tansçylarynyň çykyşlary dabara gatnaşyjylaryň ruhuny belende göterdi. Şonuň ýaly-da, meýdançada guralan haly we haly önümleriniň sergileri hemmeleriň ünsüni çekdi.
Dabarada çykyş edenler halkymyzyň bibaha sungatynyň ajaýyp baýramçylygy bilen ýygnananlary gyzgyn gutladylar. Türkmen halkynyň halyçylyk sungatynyň abraý-mertebesini belende götermekde, şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Toý dabarasynyň dowamynda welaýatymyzyň ezber halyçylarynyň, ajaýyp sungatymyzyň ösüşine uly goşant goşýan gelin-gyzlaryň bir toparyna ýadygärlik sowgatlar gowşurylyp, olara öz işlerinde, göwün beren halyçylyk kärlerinde geljekde-de üstünlikleriň hemra bolmagy arzuw edildi. Şeýlelikde, bu dabara şirin aýdym-sazlara beslenip ýene-de esli wagt dowam edip, köpçüligiň göwnüne ganat baglap, ýatdan çykmajak waka öwrüldi.
Çeşme: "Maru-şahu jahan" welaýat gazeti