Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanda nebit çykarylyşynyň ilkinji ädimleri
09.01.2025

Türkmenistanda nebit çykarylyşy hakynda aýtsak, onda bu hünär türkmene gaty gadymy döwürlerden bäri tanyşdyr. Eger-de geçmişe seretsek, b.e. öňki II asyrda dünýäniň iň gadymy dini “Zorastrimi” döretdiler. Bu diniň mukaddes kitaby bolan ‘’Awestada’’ nebit sozi “naft”görnüşinde gabat gelyär.

B.e. öňki I asyrda gadymy grek geografy Strabon Oh derýasynyň boýundaky nebit çeşmeleri hakynda şeýle ýazýar: “Aýdyşlaryna gorä, gazuw işleri netijesinde Oh derýasynyň golaýynda ýag çykýan çeşmeleriň üsti açylypdyr”. Şol uzak ýyllarda Amyderýa öz bol suwyny Türkmenistanyň demirgazyk tarapyndan Hazar deňizne alyp barypdyr. Bu Orta Aziýanyň beýik derýasy şol döwürler Oh diýip, ähli Demirgazyk-Günbatar Türkmenistanda aýdylyşy ýaly atlandyrylypdyr.

Has takygy, gadymy taryhçy Pliniý Ulusy göni ýazyp gidipdir, ýagny onuň ýazmagyna görä, Partiýa degişli Astauen(Günbatar Türkmenistan) welaýatynda nebit akyp durypdyr.

Görnüşi ýaly, Günorta-Günbatar Türkmenistanyň meýdanynda nebit känleriniň bardygy gadymy döwürlerde belli eken.

Diňe bir gadymy döwürlerde däl, eýsem XIX asyrda iri mallaryň derisinden taýýarlanan meşiklere guýulan türkmen nebitini düýelere ýükläp Hindistanyň, Arap we pars döwletleriniň, , grekleriň we Günorta Ýewropanyň uly şäherleriniň bazarlaryna eltilipdir.

Hazar deňziniň Gündogar kenary özüniň nebit çeşmeleri bilen gadymdan bellidir. XVII asyryň taryhy ýazgylarynda nebitli guýular barada we olardan alynýan nebidiň Pars döwletlerine alnyp gidilýändigi aýdylýar.

Çeleken we Nebitdagda nebitli ýataklarda el bilen guýy gazyp nebit almak usuly 1895-nji ýyla çenli dowam edipdir.

XX asyryň başlarynda Çelekenden nebit almak usuly güýçli depginde össe, Nebitdag käninde hiç hili iş geçirilmeýärdi. Onuň esasy sebäbi, bu käniň bir tarapyny Barsagelmeziň ürgün çägeliginiň eýelemegidi. Beýleki tarapyny bolsa Baba hojanyň şor batgalygy tutýardy. Bu şertler ol ýerde iş alyp barmagy kynlaşdyrýardy. Muňa rus geology K.P.Kaliçkiniň kerwen bilen Nebitdagyň belentligini 3 günde aşandygyny ýatlamasy şaýatlyk edýär.

Demir ýol çekilenden soň, Zakaspiýa demir ýoly nebidiň çykarylýan möçberini ösdürmek zerurlygy döredýär. Şeýlelikde, demir ýolçylar 5sany guýynyň düýbüni tutdurýarlar. 1911-nji ýylda “Simonowa №3” belgili guýy gazylanda, bekleýji kolonnadan gaz gatyşykly nebit öz güýjüne ýeriň ýüzüne çykýar.

Nebitdag belentliginiň Demirgazyk tarapynda gazylan guýylaryň köp bölegi şowly bolmaýar. Olaryň käbirlerinden  bir gije-gündizde 500-600 pud önüm almak başardýar. Şonuň netijesinde Nebitdag käninden nebit almak üçin gazylan guýulary çuňlaşdyrmak zerur diýilen netijä gelinýär.

Balkan Şyhyýew,

Balkanabat nebitçilik orta  hünär

okuw mekdebiniň mugallymy.