«Ahal II» toparynyň ýaşlar düzümi Ýokary liga futbol toparlarynyň ýanyndaky ýaşlaryň (dublýorlar) arasyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 22-nji tapgyryndaky senesi üýtgedilen duşuşykda «Arkadag II» toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk 14-nji noýabrda Aşgabat şäherindäki «Aşgabat» stadionynda geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.
Bellenilişi ýaly, «Ahal II» toparynyň düzüminde 16-njy minutda Medetgeldi Çaryýew, 40-njy minutda Süleýman Mirzoýew gol geçirdi. «Arkadag II» toparynyň ýeke-täk goluny 82-nji minutda Eduard Sarkisýans geçirdi.
Birnäçe oýunçy duýduryş hem aldy. «Arkadag II» toparynda 68-nji minutda Ibraýym Amangeldiýew, 70-nji minutda Kerwen Nasyrow, 88-nji minutda Begenç Agajumaýew duýduryş aldy. «Ahal II» toparynda 84-nji minutda Begenç
Orazmuhammedow, 89-njy minutda Beglimuhammet Bekmyradow duýduryş aldy.
90-njy minutda «Ahal II» toparynyň oýunçysy Ýolmämmet Garajaýew meýdançadan çykaryldy.







