GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Awazada GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlislerinde sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
20.11.2026

Türkmenistanyň başlyklyk edýän döwründe Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň çäklerinde geçirilýän çäreleriň nobatdaky tapgyry 19-njy noýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dowam etdi. Şol gün «Berkarar» myhmanhanasynda GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Syýasy meseleler we halkara hyzmatdaşlyk boýunça hem-de Hukuk meseleleri boýunça hemişelik komissiýalarynyň mejlisleri, şeýle-de «Awaza» toplumynyň kiçi mejlisler zalynda Assambleýanyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň işiniň dowamyndaky nobatdaky möhüm waka hökmünde 20-nji noýabrda «Awaza» toplumynda Assambleýanyň 61-nji plenar mejlisi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Awazada geçirilen duşuşyklar GDA-nyň döredilmeginiň 35 ýyllyk şanly senesiniň öňüsyrasynda geçirilmegi bilen aýratyn ähmiýete eýe boldy. Şeýle hem bu çäreler BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň gün tertibinde «Birleşen Milletler Guramasy bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň kabul edilmeginden soň geçirilmegi bilen hem aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu resminama halkara bileleşigiň GDA-nyň sebit dialogyny, durnuklylygy we döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ornuna ýokary baha berýändigini görkezýär.

GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisinde gatnaşyjylar Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de halkara çäreleriň netijeleri barada pikir alyşdylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçysynyň çykyşynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklygy parahatçylyk we howpsuzlyk, ykdysady hem-de ulag integrasiýasy, sanlylaşdyrmak, ekologiýa we ynsanperwer hyzmatdaşlyk ýaly bäş esasy ugra gönükdirilendir.

Türkmenistanyň başlyklygynyň çäklerinde ýylyň dowamynda Aşgabatda we Awazada GDA-nyň dürli derejedäki birnäçe möhüm çäreleriniň üstünlikli geçirilendigi bellenildi. Olaryň hatarynda GDA-nyň demir ýol ulaglary boýunça Geňeşiniň mejlisi, Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň duşuşygy, ykdysady Geňeşiň mejlisi, medeni hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiň duşuşygy, jemgyýetçilik teleradioýaýradyş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisleri görkezildi.

Şol wakalaryň arasynda 9-njy oktýabrda Awazada geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi aýratyn orun eýeledi. Duşuşygyň dowamynda Arkalaşygyň 35 ýyllygyna bagyşlanan taryhy Beýannama hem-de birnäçe möhüm resminamalar kabul edildi. Bu çäreler GDA giňişliginde ykdysady, ynsanperwer we syýasy hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen möhüm ädimler hökmünde häsiýetlendirildi.

Mejlislerde parlamentara gatnaşyklaryň parahatçylygy, durnuklylygy we özara ynanyşmagy berkitmekde möhüm gural bolup durýandygy nygtaldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasatynyň çäklerinde GDA-nyň Parlamentara Assambleýasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi.

Awazada geçirilen duşuşyklaryň esasy netijeleriniň biri Türkmenistanyň Mejlisiniň GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň ýanynda synçy derejesini almagy bilen bagly çözgüdiň kabul edilmegi boldy. Bu karar Türkmenistanyň parlament diplomatiýasynyň ösdürilmeginde täze tapgyry alamatlandyrýar. Synçy derejesiniň berilmegi Türkmenistanyň milli kanunçylyk tejribesini sebit we halkara derejedäki tejribe bilen baýlaşdyrmaga, parlamentara gatnaşyklary giňeltmäge hem-de GDA döwletleriniň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda özara hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge mümkinçilik döreder.

Geňeşiň mejlisinde şeýle hem «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary» atly ikinji halkara maslahatyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Oktýabr aýynda Awazada geçirilen bu forumyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ilatyň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryna elýeterliligini üpjün etmek boýunça täze başlangyçlar üçin möhüm meýdança bolandygy bellenildi.

GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Syýasy meseleler we halkara hyzmatdaşlyk boýunça hemişelik komissiýasynyň mejlisinde sebit howpsuzlygy, halkara parlament guramalary bilen hyzmatdaşlyk, maglumat giňişliginde ynanyşmagy üpjün etmek, täze tehnologiýalaryň ulanylyşyny hukuk taýdan düzgünleşdirmek ýaly möhüm ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň GDA-daky başlyklygynyň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryna garaldy.

Komissiýanyň mejlisinde «Hakyda otlusy» medeni-bilim taslamasynyň durmuşa geçirilişi, Ýewraziýa howpsuzlygynyň täze gurluşyny kemala getirmek boýunça başlangyçlaryň parlament ölçegleri, terrorçylyga garşy göreşde we radikalizmiň öňüni almakda emeli aňyň hem-de täze tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň hukuk esaslary boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Hukuk meseleleri boýunça hemişelik komissiýasynyň mejlisinde bolsa Arkalaşyga agza döwletleriň kanunçylyklaryny ýakynlaşdyrmak, nusgawy kanunçylyk namalaryny taýýarlamak, halkara şertnamalaryň hukuk seljermesini geçirmek we guramaçylyk-hukuk meseleleri boýunça pikir alyşyldy. Komissiýanyň işiniň GDA ýurtlarynyň hukuk ulgamlarynyň sazlaşygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.

Umuman, 19-njy noýabrda Awazada geçirilen çäreler GDA-nyň parlamentara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny kesgitlemäge, döwletleriň arasynda ynanyşmagy hem-de özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirildi. Türkmen tarapynyň guramaçylykly başlyklygy astynda geçirilen bu duşuşyklar Arkalaşygyň çäklerinde netijeli dialogyň ösdürilmegine ýene-de bir möhüm goşant boldy.