GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
PETRONAS, Dragon Oil we CNPC Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň tejribesini TESC 2026-da tanyşdyrar
19.11.2026

Aşgabatda geçiriljek «Turkmen Energy» (TESC 2026) halkara ylmy-amaly maslahatynda Türkmenistanyň öňdebaryjy daşary ýurtly energetika hyzmatdaşlary bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň netijeleri we geljekki ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar. Forumyň çäklerinde PETRONAS, Dragon Oil we CNPC ýaly iri halkara kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň üstünlikli tejribesi barada pikir alyşmalar geçiriler. Bu barada çäräni gurnaýjylar habar berdi.

Halkara maslahatynyň esasy ugurlarynyň biri Türkmenistanyň energetika toplumynda halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti, häzirki zaman önümçilik tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi hem-de ylmy-tehniki gatnaşyklary ösdürmek meselelerine bagyşlanar.

Duşuşyklarda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamalaryň tejribesi, nebitgaz serişdelerini netijeli özleşdirmek, önümçilik proseslerini kämilleşdirmek, sanly tehnologiýalary ulanmak we ýokary hünärli milli işgärleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada çykyşlar diňlener.

PETRONAS, Dragon Oil we CNPC kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň energetika pudagynyň halkara derejede açyklygyny, öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge hem-de dünýäniň iri energetika merkezleri bilen tejribe alyşmaga gönükdirilen syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

TESC 2026-nyň dowamynda halkara kompaniýalaryň wekilleri, döwlet edaralarynyň, ylmy-barlag merkezleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň hünärmenleri energetika pudagynyň geljekki ösüş mümkinçiliklerini, innowasion çözgütleriň önümçilige ornaşdyrylmagyny hem-de täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Halkara hyzmatdaşlygyň üstünlikli nusgalaryny görkezýän bu duşuşyklar Türkmenistanyň energetika ulgamynda ylmy-tehnologik ösüşi çaltlandyrmak, maýa goýum işjeňligini artdyrmak we pudagyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhüm bölegi bolar.