Türkmenistanyň Prezidenti Polşanyň Prezidentini Respublikanyň Milli garaşsyzlyk güni bilen gutlady
11.11.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Polşa Respublikasynyň Prezidenti Karol Nawroskä we ýurduň ähli halkyna Polşa Respublikasynyň Milli garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Prezident Karol Nawroskä tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Polşa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Şeýlede okaň







