10-njy noýabrda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda ýerli telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.
Mundan başga-da, içerki bazarda türkmen işewürleri Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginden birinji hilli arassalanan pagta ýagyny, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginden birinji hilli bugdaý unyny, Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden bolsa aýna bankalary satyn aldylar.
Daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) telekeçileri Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekillerinden nah ýüplügini satyn aldylar.
Söwdalaryň jemi boýunça umumy bahasy 101 518 050 manada we 233 200 ABŞ dollaryna deň bolan 6 geleşik hasaba alyndy.







