GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň nebithimiýa we dokma senagatynyň önümlerine içerki bazarda isleg bildirilýär
07.11.2026

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda ýerli işewürler «Türkmennebit» döwlet konserninden «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak boýunça geleşikler baglaşdylar.

Mundan başga-da, içerki bazardaky söwdalarda Türkmenistanyň dokma senagaty ministrliginden nah ýüplügini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Umumy bahasy 29 262 800 manada deň bolan jemi 4 geleşik baglaşyldy.