29-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Ankara şäherine geldi. Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň işine synçy ýurt hökmünde gatnaşýar.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Birnäçe sagatdan döwlet Baştutanymyzyň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Ankara şäheriniň «Etimesgut» howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary hem-de Türkiýäniň işewürleri garşylady.
Günüň ikinji ýarymynda Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşýan döwletleriň Baştutanlary Türki döwletleriň medeni seýilgähiniň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine bardylar. Seýilgähde türki halklaryň taryhy bilen baglanyşykly binalaryň nusgalary ýerleşdirilipdir. Belent mertebeli myhmanlar bag nahallaryny ekdiler. Dabarada medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy, şondan soň döwlet Baştutanlary bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Dabaranyň gatnaşyjylary seýilgähde dikilen milli ak öýleriň aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Olaryň hatarynda öý esbaplary, milli lybaslar, saz gurallary we beýleki eksponatlar ýerleşdirilen türkmen ak öýi hem bar. Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary çykyş edip, şol sanda «küştdepdi» tansyny ýerine ýetirdiler. Ak öýüň ýanynda ahalteke bedewiniň heýkeli oturdylypdyr. Dabaranyň dowamynda döwlet Baştutanlaryna Türkiýäniň milli halk oýunlary hem görkezildi.
Seýilgähiň açylyş dabarasyndan soň döwlet Baştutanlary «Malazgirt» çäreler merkezine bardylar. Medeni maksatnamanyň çäklerinde bu ýerde milli we etnosport oýunlary, şeýle hem atly çykyşlar we etnografik görkezilişler guraldy. Maksatnama türki döwletleriň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen dolduryldy, konsert maksatnamasyna milli aýdymlar we sazlar girizildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary dowam edýär.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi







