ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Kristin Hokins ýurduň iň iri energetika çäresi bolan «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT 2026) 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde amerikan kompaniýalaryna goldaw berdi. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.
Kristin Hokins energetika pudagynyň geljekki ýolbaşçylaryna bagyşlanan tegelek stol söhbetdeşliginde çykyş etdi. Ol amerikan kompaniýalarynyň Türkmenistanyň energetika pudagyna hödürleýän mümkinçiliklerini, şol sanda öňdebaryjy tehnologiýalary, döwrebap ülňülerini we işgärler üçin ýokary hilli hünär okuwlaryny belledi.
Şeýle hem işleri wagtlaýyn ynanylan wekil «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT 2026) 31-nji halkara maslahatyna we sergisine gatnaşýan amerikan kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyp, olaryň alyp barýan işleri bilen tanyşdy.
Ilçihanada energetika we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň amerikan hem-de türkmen halklarynyň bähbidine hyzmat edýändigi bellenildi. Maslahatyň gurnaýjylaryna — «Türkmennebit» we «Türkmengaz »döwlet konsernlerine, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna we «Turkmen Energy Forum» kompaniýasyna minnetdarlyk bildirildi.







