GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Halkara nebit we gaz uniwersiteti “Altyn asyr” bilen döwlet Baştutanymyzyň Baku we Ýerewan saparlary barada gepleşik taýýarlady
23.10.2026

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr” Türkmenistan teleýaýlymy bilen bilelikde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna hem-de Ermenistan Respublikasyna iş saparlarynyň taryhy ähmiýetine bagyşlanan syýasy gepleşik taýýarlady.

Gepleşikde Döwlet Baştutanymyzyň 15-nji oktýabrda Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin Bakuda amala aşyran sapary ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki belent abraýynyň nobatdaky subutnamasydygy nygtaldy.

Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşi Aziýa giňişliginde parahatçylygy, durnuklylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ýokary wekilçilikli hem-de abraýly döwletara forumdyr. Bu Geňeş syýasy, ykdysady, ekologiýa, ynsanperwer, şeýle hem täze wehimlere garşy durmak ýaly esasy bäş ugry öz içine alyp, köptaraplaýyn we köpugurly dialog üçin amatly meýdança bolup durýar. Türkmen wekiliýetiniň bu foruma gatnaşmagy sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda ýurdumyzyň köptaraply dialog ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygynyň subutnamasydyr.

Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň mümkinçilikleriniň peýdalanylmagy ulag-logistika, durnukly energetika, ekologiýa we howanyň üýtgemegine garşy durmak ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň gözýetimleri açýar. Türkmenistan Geňeşde synçy döwlet bolmak bilen, bu meýdança ynanyşykly gatnaşyklaryň netijeli guraly hökmünde garaýar hem-de Ýewraziýa giňişliginde özara hormat goýmak ýagdaýyny pugtalandyrmakda deňagramly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga işjeň ýardam berýär.

16-njy oktýabrda bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyz Ýerewanda BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy. Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar däp bolan dostluk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar. Ýokary derejede ýola goýlan yzygiderli dialog söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge, şeýle hem iki ýurduň iri halkara düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegine ýardam berýär.

Ýerewanda geçirilýän sammit tebigy ekoulgamlary goramak işinde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilendir. Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly wehimleriň barha artýan şertlerinde bu meýdança döwlet Baştutanlaryna dünýäde ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek üçin syýasy mehanizmleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň ekologiýa syýasaty ýurdumyzyň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykarylyp, amala aşyrylýan giň möçberli milli maksatnamalarda öz beýanyny tapýar. Ýurdumyz daşky gurşawy goramagyň we tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmagyň häzirki hem-de geljekki nesilleriň abadançylygynyň hökmany şerti bolup durýandygyndan ugur alýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda alnyp barylýan işler çölleşmä garşy göreşmek, bioköpdürlüligi gorap saklamak hem-de suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak boýunça çäreleriň giň toplumyny öz içine alýar.

Halkara giňişlikde Türkmenistan möhüm ekologiýa meseleleri boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Munuň mysaly hökmünde Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek, şeýle hem Aral deňziniň basseýni üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak baradaky teklipleri görkezmek bolar. Ýurdumyz “ýaşyl” ykdysadyýet ýörelgelerini ornaşdyrmaga, uglerodyň daşky gurşawa zyňyndylaryny peseltmäge hem-de gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmäge aýratyn üns berýär. Ählihalk bag ekmek dabaralary bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýdyň mysallarynyň biridir. Onuň çäklerinde her ýyl millionlarça düýp bag nahallary oturdylyp, şäherleriň daşynda ýaşyl zolaklar döredilýär.

Gepleşikde bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bakuda hem-de Ýerewanda geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärçilikli gatnaşyjysy hökmünde Türkmenistanyň belent abraýynyň nobatdaky aýdyň mysaly boldy. Döwlet Baştutanymyzyň sammitlerde beýan eden teklipleri hem-de başlangyçlary ýurdumyzyň sebitde we dünýäde ekologiýa abadançylygynyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.