«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň gidrogeologiýa bölüminiň esasy hünärmen-gidrogeology Şamyrat Mämmetjumaýew 28 ýyldan bäri bir kärhanada zähmet çekýär.
Şamyrat Mämmetjumaýew Mary welaýatynyň Ýolöten şäherinde doglup, önüpösdi. Ol 1993-nji ýylda orta mekdebi tamamlap, paýtagtymyzdaky Türkmen politehniki institutynyň nebit we gaz fakultetiniň gidrogeologiýa bölümine okuwa girdi. 1998-nji ýylda okuwy tamamlap, ýollanma boýunça häzirki işleýän kärhanasynda zähmet ýoluna başlady. Ony işe başlan ilkinji günlerinden ekspedisiýanyň gidrogeologiýa bölüminiň müdiri Atamyrat Öwezgeldiýew we baş gidrogeolog Geldi Jumaýew goldadylar.
Şamyrat Mämmetjumaýew bäş ýylyň dowamynda Mary welaýatynyň Türkmengala we Oguzhan etraplarynyň çäklerindäki meýdançalarda ýerasty süýji suw gorlaryny gözleýän we agtaryp barlaýan topara ýolbaşçylyk etdi. Gözleg işleri netijeli boldy: bölekleýin süýji suw ýataklarynyň üsti açyldy, işleriň indiki tapgyrlary üçin täze meýdançalar hödürlenildi.
Şamyrat Mämmetjumaýewiň kärhananyň baş inženeri wezipesinde işlän ýyllarynda gidrogeologlaryň we kärhananyň beýleki işgärleriniň döredijilikli hem gözlegli işleriniň netijesinde Mary welaýatynda ýerasty süýji suwa baý Bathyz, Zähmet we Garabil ýataklary ýüze çykaryldy hem-de özleşdirildi.
Ekspedisiýada ýerasty mineral bejeriş suwlaryny gözlemek, agtarmak we goruny hasaplamak işleri hem alnyp barylýar. Çuň gatlaklary burawlamaga niýetlenen LTO-750 buraw enjamy arkaly Daşoguz şypahanasynyň çäginde we Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap hassahanasyna degişli şypahanada 1250 metr çuňluk burawlanyp, bejeriş häsiýetli ýod-bromly suw alyndy. Şamyrat Mämmetjumaýew buraw işleriniň tehnologik talaplara laýyklykda, ýokary hilli geçirilmegine ýardam berdi.
Gidrogeologyň gyzy Merjen Şamyradowa kakasynyň kesbini saýlap aldy. Ol paýtagtymyzdaky gurluşyk agrotehniki orta hünär okuw mekdebini tamamlap, «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynda tehnik-gidrogeolog bolup işleýär. Şamyrat Mämmetjumaýewiň özi halypa hökmünde hemkärleriniň hormat-sarpasyna eýe bolup, tejribesini ýaş işgärler bilen paýlaşýar.
Şamyrat Mämmetjumaýewiň sözlerine görä, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary esasynda kärhananyň maddy-tehniki binýady pugtalandyrylýar. Döwlet tarapyndan berilýän ýokary tehnologiýaly buraw enjamlarynyň hasabyna iş depgini ýokarlanyp, täze meýdançalarda ýerasty suwlary gözlemek, agtarmak we goruny hasaplamak işleri alnyp barylýar.







