Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti «Altyn asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde 23-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine bagyşlanan söhbetdeşlik taýýarlady.
Çykyşlarda bellenilşi ýaly, il bähbitli, ýurt ähmiýetli wajyp wezipeleri, möhüm meseleleri köpçüligiň pikirini diňläp çözmek ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgeleriň biridir. Bu ýörelge agzybirlik, jebislik, durnukly ösüş ýaly umumy jemgyýetçilik ähmiýetli gymmatlyklaryňdyr ýurtda durmuş-ykdysady taýdan gazanylanlaryň has berkidilmeginde-de möhüm orna eýedir. Çünki geňeş däbinde il-ýurt bähbitli, jemgyýetçilik ähmiýetli meselelerde raýatlaryň öz pikir-garaýyşlaryny, tekliplerini beýan etmegi arkaly syýasy taýdan işjeňliginiň artmagyna, durmuşa geçirilýän özgertmelere öz sesini, goşandyny goşmagyna giň mümkinçilikler döreýär. Türkmen jemgyýetinde şeýle demokratik däpler, asylly ýol-ýörelgeler berkidilip, Türkmenistanyň Halk Maslahaty bu ugurda giň gerimli işleri durmuşa geçirýär.
Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.







