GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmen halkynyň Milli Lideri Energetika we howa boýunça halkara Wena forumynda çykyş etdi
13.04.2026

Awstriýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy.

2008-nji ýylda BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) hem-de Awstriýanyň Hökümetiniň howandarlygynda esaslandyrylan Energetika we howa boýunça halkara Wena forumy geçen ýyllaryň dowamynda ekologiýa ugurly başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin esasy ählumumy meýdança öwrüldi. BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahaty (COP) ýaly syýasy sammitler umumy maksatlary öňde goýýan bolsa, Wena forumy ol maksatlary gazanmak üçin tehnologik we maliýe gurallaryna ünsi çekýär. Bu forum döwlet düzümleriniň, ylmy jemgyýetçiligiň, işewür toparlaryň arasynda özboluşly köpri bolup, daşky gurşaw boýunça ählumumy borçnamalary anyk maýa goýum taslamalaryna, senagat çözgütlerine öwürmäge ýardam berýär.

Maslahatyň gün tertibine, esasan, energetika geçişini çaltlandyrmak, «ýaşyl» wodorody ornaşdyrmak, energetika ulgamyny sanlylaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler girizilýär. Forumda ykdysadyýetleri energiýa serişdelerine bagly bolan ösüp barýan ýurtlarda arassa energiýa inklýuziw elýeterliligi üpjün etmek bilen bagly soraga aýratyn üns berilýär. Forumyň çäklerinde senagat pudagynda metanyň daşky gurşawa zyňyndylaryny azaltmak, “ýaşyl” energetika üçin möhüm serişdeleriň durnukly zynjyrlaryny döretmek meseleleri maslahatlaşylýar.

Forumyň geçirilýän ýeri bolan Hofburg köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) Baş direktory Gerd Müller hem-de Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Beate Maýnl-Raýzinger mähirli garşyladylar.

Şu gezekki forumyň gün tertibine “ýaşyl” ykdysadyýete geçmegiň mümkinçilikleri, häzirki geosyýasy şertlerde energetika howpsuzlygy we dekarbonizasiýa bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Forumyň başynda Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen çärä gatnaşyjylara sanly ulgam arkaly ýüzlenip, onuň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Soňra forumda çykyş etmek üçin Gahryman Arkadagymyza söz berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri foruma gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşmaga çakylyk üçin Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene, UNIDO-nyň Baş direktory Gerd Müllere, Awstriýanyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Beate Maýnl-Raýzingere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Halk Maslahatynyň Başlygy şu forumyň giň wekilçilikli düzüminiň dünýä ýurtlarynyň howa we energetika gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmäge uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýändigini belläp, Türkmenistanyň halkara bileleşigiň işjeň agzasy bolmak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly energetika, daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek boýunça giň möçberli we uzak möhletleýin strategiýalarynyň, maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine öz goşandyny goşýandygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, şu gezekki forum dünýä üçin ýeňil bolmadyk döwürde geçýär. Energetika hem-de daşky gurşaw ählumumy gün tertibiniň iň möhüm meseleleriniň hataryndadyr. “Uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän, energiýa serişdelerini öndüriji we eksport ediji ýurt hökmünde Türkmenistan bu ulgamda özara bähbitli hem-de köptaraplaýyn deňhukukly hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly syýasy, halkara hukuk we beýleki şertlerdir kepillikleri döretmek maksady bilen, jogapkärçilikli, yzygiderli syýasaty alyp barýar” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we ýurdumyzyň ozal toplanan tejribä, häzirki ýagdaýlaryň seljermesine esaslanyp, energetika hyzmatdaşlygyny durnuklylaşdyrmaga, oýlanyşykly, öňdengörüjilikli dialoga geçmäge gönükdirilen birnäçe tekliplerini beýan etdi.

Türkmenistan Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça ozal öňe süren başlangyjyna ýene-de bir gezek ünsi çekýär. Howpsuzlygyň dürli ugurlarynyň bölünmezligi we özara baglanyşygy bu strategiýanyň esasy özeni bolup durýar. Şolaryň hatarynda energetika howpsuzlygy wajyp ugurlaryň biri bolup çykyş edýär. “Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny syýasylaşdyrmazlyga çagyrýar. Syýasy şertleriň öňe sürülmeginiň durnukly ösüşi haýalladýandygy we elbetde, onuň ykdysady maksadalaýyklyk bilen hiç bir umumylygynyň ýokdugy barada aýtmak artykmaç bolsa gerek” diýip, Milli Liderimiz nygtady we Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda energetika ulgamyndaky gatnaşyklary syýasylaşdyrmazlygy beýan edýän Energetika kodeksini işläp taýýarlamak meselesine seretmegi teklip edýändigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz energetika ulgamynda ählumumy hyzmatdaşlygy täze ýörelgeler esasynda ýola goýmaga gönükdirilen, şol sanda energiýa serişdelerini öndürmek, üstaşyr geçirmek we sarp etmek meselelerini kadalaşdyrýan BMG-niň köpugurly halkara hukuk resminamasyny döretmek barada ýurdumyzyň teklibini iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça tagallalary birleşdirmegi teklip etdi. Bu ugurda Türkmenistan agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda energiýa serişdelerini ygtybarly ibermek barada BMG-niň Baş Assambleýasynyň üç Kararnamasynyň awtory bolup çykyş etdi. Munuň özi mundan beýläk-de bilelikde işlemek üçin gowy esas bolup durýar. Bu ugurdaky işi ösdürmek bilen, ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlär.

“Energiýa serişdelerine erkin, durnukly we deňhukukly elýeterliligi üpjün etmäge çagyrýarys. Munuň özi artykmaçlyk bolman, eýsem, syýasy gurluşyna, ykdysady mümkinçiliklerine, geosyýasy ýagdaýlara garamazdan, her bir halkyň we döwletiň tebigy hem-de kanuny hukugydyr” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Bellenilişi ýaly, 20 ýyla golaý wagt mundan ozal Türkmenistan energetika howpsuzlygy boýunça giň köptaraplaýyn dialogy ýola goýmak başlangyjyny ilkinji gezek öňe sürmek bilen, halkara hukuk binýadyna esaslanyp, bu prosesi yzygiderli we uzak möhletli esasda alyp barmak zerurlygyndan ugur aldy. Şondan bäri geçen wagt ýurdumyzyň çemeleşmeleriniň dogrudygyny hem-de esaslandyrylandygyny görkezdi. “Biziň bu günki tekliplerimiz anyk netijelere gönükdirilen tekliplerdir” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi we türkmen tarapynyň bu teklipler boýunça ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen ýakyn hyzmatdaşlyga açykdygyny we BMG-de degişli geňeşmelerdir gepleşikleri geçirmäge taýýardygyny tassyklady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi meselesine hem şeýle netijeli çemeleşýändigini belledi we ýurdumyzyň howa boýunça Pariž ylalaşygynyň maksatlaryny gazanmaga doly ygrarlydygyny, “ýaşyl” energetika ulgamynda, ýel we Gün energiýasyny ulanmak boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge başlamak ugrunda çykyş edýändigini nygtady. “Türkmenistanda tebigy gazyň esasynda wodorod energetikasyny ösdürip başlamaga girişmek arkaly bu ugurda ähli gyzyklanma bildirýän halkara hyzmatdaşlar bilen giňden işleşmäge taýýardyrys. Şunuň bilen baglylykda, 10 ýyllyk döwür üçin wodorod energetikasyna geçmek boýunça ählumumy Maksatnamany döretmek başlangyjyny teklip edýäris we biz BMG bilen şeýle resminamany işläp taýýarlamagy ara alyp maslahatlaşmaga açykdyrys” diýip, Gahryman Arkadagymyz çykyşynda belledi.

Türkmenistan sebit hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegiň, ylmy barlaglary işjeňleşdirmegiň we täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň zerurdygyndan ugur alýar. Ýakyn geljekde Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezi işläp başlar. Türkmenistanyň Hökümeti bu täze düzüme hemmetaraplaýyn goldaw berip, onuň öz wezipelerini hem-de maksatlaryny netijeli ýerine ýetirmegi üçin amatly şertleri üpjün eder.

Şu gezekki forumyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri goldamak hakynda ýene bir mowzugy barada aýdylanda, Türkmenistanyň bu meselede eýeleýän orny anyk we aýdyňdyr. Bu döwletlere suwa, has giň manyda suw serişdelerine, şeýle hem deňiz ýollaryna deň we deňhukukly elýeterlilik üpjün edilmelidir. Şeýle çemeleşme diňe bir syýasy-hukuk däl, eýsem, ahlak esasly şert bolup hem çykyş edýär. Ol häzirki we geljek nesilleriň öňünde jogapkärçilik bolup durýar.

“2025-nji ýylyň awgustynda ýurdumyzda dünýä ähmiýetli möhüm waka — BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty geçirildi. Maslahatda kabul edilen Awaza syýasy Jarnamasy BMG-niň resminamasy derejesine eýe boldy. Bu resminamada 44 döwletde ýaşaýan onlarça million adamyň kanuny hukuklaryny we zerurlyklaryny üpjün etmek üçin durmuşa geçirilmeli esas goýujy ýörelgeler hem-de çemeleşmeler beýan edilýär. Türkmenistan bu möhüm resminamanyň ähli kadalarynyň ýerine ýetirilmegi ugrunda çykyş eder” diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi we bu işde ýurdumyzyň giň halkara goldawyna umyt edýändigini belledi.

“Türkmenistan BMG bilen bilelikde Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak ugrunda iş alyp barýar. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Baş Assambleýanyň energetika we ekologiýa howpsuzlygy, ulag arabaglanyşygy, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň bähbitlerini goramak ulgamynda we beýleki birnäçe wajyp ugurlar boýunça kabul edilen Kararnamalaryna esaslanyp, Türkmenistan resminamada beýan edilen wezipeleri çözmek üçin köptaraplaýyn tagallalary birleşdirmäge BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, hususan-da, UNIDO bilen agza döwletleriň hereketlerini netijeli utgaşdyrmaga goldaw bermegini dowam etdirer. Şu gezekki foruma biz hut şu nukdaýnazardan garaýarys we maslahatda anyk netijeleriň kabul edilmegine garaşýarys” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Çykyşynyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri halkara Wena forumyny guraýjylara işlemäge döredilen amatly şertler üçin minnetdarlygyny bildirip, maslahata gatnaşyjylara Birleşen Milletler Guramasynyň belent taglymlaryny hem-de gymmatlyklaryny durmuşa geçirmegiň bähbidine üstünlikli we netijeli işlemeklerini arzuw etdi.

Forumyň alypbaryjysy çuň many-mazmunly çykyşy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, beýan edilen teklipdir başlangyçlaryň möhüm ähmiýetini belledi.

Şeýlelikde, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Wena forumynda beýan eden başlangyçlary ählumumy ekologiýa meselelerini çözmekde täze ugurlary kesgitläp, Türkmenistanyň energetika giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde eýeleýän ornuny tassyklady. Ýurdumyz milli bähbitleri dünýäniň ekologik taýdan abadançylygy baradaky tagallalar bilen sazlaşykly utgaşdyryp, halkara energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny kemala getirmekde döredijilikli çemeleşýändigini ýene-de bir gezek subut etdi.

Awstriýa Respublikasyna saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Wena şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.

Birnäçe sagatdan Gahryman Arkadagymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Wena amala aşyran şu gezekki sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açyp, halkara giňişlikde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny tassyklady.