
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 27-nji sentýabrda watandaşlaryny Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady,
“Garaşsyzlyk halkymyzyň beýik mertebesiniň hem-de milli buýsanjynyň Ýer ýüzünde dabaralanmagydyr. Üçünji müňýyllygyň öň ýanynda — 34 ýyl mundan ozal Garaşsyzlygymyz bütin dünýä jar edilip, demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşly nusgalyk ýol — Türkmenistanyň özygtyýarly, özbaşdak hem-de erkin ösüş ugry saýlanyp alyndy. Bu şöhratly döwürde ýurdumyz özbaşdak, garaşsyz, abadançylykly ösüş syýasatyny durmuşa geçirmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni ösüşine mynasyp goşandyny goşmak bilen, ählumumy parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagy üçin tagallalary birleşdirýän döwlete öwrüldi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da pugtalandyryp, ýurdumyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barýarys. Şoňa görä-de, ähli ösüşlerimiziň, üstünliklerimiziň hem-de abadançylygymyzyň gözbaşy bolan Garaşsyzlyk gününe beýik baýram hökmünde aýratyn sarpa goýýarys. Özboluşly taryhy ähmiýetli bu baýramçylygymyzyň şanyna binagärlik keşbi barha gözelleşýän şäherdir obalarymyzda ýaşaýyş-durmuş, ykdysady hem-de medeni maksatly täze desgalary dabaraly açyp, Watanymyzyň berkararlygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny, şöhratyny hem-de mertebesini dünýä ýaýýarys”, - diýip döwlet baştutanymyz aýtdy.
“Bitaraplyk biziň depginli ösüşlerimiziň kepilidir, merdana pederlerimiziň parahatçylyk we durnuklylyk, dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk baradaky asyrlarboýy eden arzuwlarynyň has-da üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin täze mümkinçilikdir. Garaşsyz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, Ýer ýüzüniň döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary yzygiderli giňeltmegiň, aýratyn-da, parahatçylygyň we ylalaşygyň, ählumumy ösüşiň hatyrasyna tagallalary birleşdirmegiň mäkäm halkara hukuk esasydyr. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty hem Türkmenistanyň ýöredýän parahatçylyk, hoşniýetlilik we Bitaraplyk syýasatynyň ajaýyp miwesidir”, - diýip hormatly Prezidentimiz belläp geçdi.
Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryna berk jan saglygyny, uzak ömür, egsilmez bagt we maşgala abadançylygyny, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.