Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Eswatini Patyşalygy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdi
24.09.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Eswatininiň Patyşasy Mswati III bilen duşuşdy. Söhbetdeşler birek-biregi mähirli mübärekläp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň çäklerinde duşuşmaga we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlary barada pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Eswatininiň Patyşasy awgust aýynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejesini belledi hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi. Bu forum deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, milli, sebit we ählumumy derejelerde hereketleri hem-de integrasion tagallalary utgaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, Mswati III Türkmenistanyň bu ugurda eýeleýän işjeň ornuna ýokary baha berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesi esasynda dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýandygyny, şunda Afrika ýurtlary bilen gatnaşyklara-da uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Eswatini Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnama gol çekilmegi möhüm ähmiýete eýe boldy. Munuň özi iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmek üçin möhüm binýat bolup hyzmat eder.

Taraplar iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň uzak möhletli, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin berk binýady döretjekdigine, Türkmenistan bilen Eswatininiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iki halky ýakynlaşdyrmaga ýardam berjekdigine, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti