Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
«OGT 2025»: Türkmen telekeçileri üçin halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlary
24.09.2025

2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 22–24-i aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy» («OGT 2025») atly XXX halkara forumy we sergisi işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek we maýa goýumlaryny çekmek üçin möhüm mümkinçilik bolar.

Bu ýylky çäre aýratynlykda hususy türkmen telekeçileri üçin möhüm ähmiýete eýe: ilkinji gezek 100-den gowrak wekili bolan, dünýäniň dürli künjeklerinden gelen 30-dan köp halkara kompaniýa gatnaşar. Olaryň hatarynda Hytaý, Beýik Britaniýa, ABŞ, Gazagystan, Indoneziýa, Kaýman adalary, Azerbaýjan, Germaniýa, Kipr, Russiýa, Gollandiýa we BAE ýaly ýurtlardan wekiller bar. Bu kompaniýalaryň köpüsi ilkinji gezek türkmen bazaryna çykýar we heniz hemişelik wekilhanalary ýok, bu bolsa ýerli işewürler üçin täze hyzmatdaşlyklary ýola goýmakda uly mümkinçilik döredýär.

Çäräniň çäginde guramaçylar «B2B» zolagyny döretdiler. Bu ýörite meýdança gatnaşyjylaryň maksatly duşuşyklaryny, tehnologik çözgütlerini we maýa goýum ugurlaryny utgaşdyrmak üçin döredildi. Şeýle hem emeli aň arkaly işleýän täze «Business Connect» platformasy arkaly taraplar biri-biri bilen netijeli baglanyşyk gurup biler. Bu bolsa duşuşyklaryň şahsylaşdyrylan tertibini düzmäge hem-de halkara ülňülere laýyklykda işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmaga şert döredýär.

Telekeçiler, şol sanda kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri «OGT 2025» forumyna işjeň gatnaşmaga hem-de «Business Connect» ulgamyna goşulmaga çagyrylýar. Munuň üçin Android ýa-da iOS ulgamlary arkaly «Turkmen Energy Forum» («TEF App») mobil goşundysyny ýükläp almak ýeterlikdir. Şeýlelikde, gatnaşyjylar B2B duşuşyklara gatnaşyp, 45 döwletiň 500-den gowrak wekili bilen göni hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýup bilerler.

«OGT» halkara derejesindäki möhüm işewür forum hökmünde öz ornuny barha pugtalandyrýar. Şanly senä gabatlanyp geçirilýän bu forum dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny we ýokary derejeli çykyş edýän wekillerini bir ýere jemläp, Türkmenistanyň energetika ulgamynda möhüm şertnamalaryň baglaşylmagyna mümkinçilik döreder. Bu hem forumyň global energetika ulgamyndaky ornuny has-da berkidýär.

Foruma gatnaşmak üçin hasaba alyş 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda tamamlanýar.

Has anyk maglumaty OGT-niň www.ogt-turkmenistan.com resmi web-sahypasyndan tapyp bilersiňiz.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazeti