
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa 15-nji sentýabrda Bahreýn Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Bassam Ahmed Ali Marzukdan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barjak asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda diplomata Mejlisiň düzümi we onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köpugurly işleri barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle hem Ilçi Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şunda ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy berkitmek babatda öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetine aýratyn üns çekildi.
Bahreýnyň Ilçisi ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak esasynda ösdürilýän türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.