
2025-nji ýylyň geçen hasabat döwründe «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatyndaky nebitgaz çykaryş, burawlaýyş müdirlikleri 2 million 676 müň 935 tonna golaý «gara altyn» çykarmak baradaky meýilnamany artygy bilen berjaý etdiler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, şu ýylyň başyndan bäri 3 milliard 108 million 924 müň kub metrden gowrak mawy ýangyç çykaryldy.
Balkan welaýaty gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň we nebitgaz känleriniň baý mesgeni hasaplanýar. Olary gazyp almak we senagat taýdan özleşdirmek işleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň bu künjekde ýerleşýän nebitgaz çykaryş, burawlaýyş, düýpli abatlaýyş trestleriniň hem-de olaryň müdirlikleriniň paýyna düşýär.