Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň Baştutany Meksikanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi
16.09.2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Baştutanyna Klaudiýa Şeýnbauma ýurdyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Klaudiýa Şeýnbauma tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Meksikanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, abadançylyk arzuw etdi.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti