Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistan we Gruziýa bilim pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar
12.09.2025

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow 11-nji sentýabrda Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory Tea Jugeli bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmen tarapy Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy bilen uniwersitetiň arasyndaky däp bolan ysnyşykly hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmeginiň ähmiýetini belläp, bilim, ylym we medeni ugurlardaky bilelikdäki başlangyçlaryň baý tejribesini nygtap geçdi.

Taraplar Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Suhumi döwlet uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň gol çekmek meselesine, şeýle hem iki ýurduň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň we akademiki toparlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkemegine itergi berjek uniwersitetleriň rektory derejesinde ikitaraplaýyn saparlary gurnamagyň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.

Öz gezeginde rektor bilelikdäki akademiki we medeni taslamalary ösdürmek hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek bilen bagly başlangyçlary işjeň goldamaga hemişe taýýardygyny beýan etdi.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti