Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistan Arkadag şäherinde durmuşa geçirilýän iri lukmançylyk klasteryny Özbegistanda hödürledi
12.09.2025

Daşkent şäherinde 10-njy sentýabrda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Şadurdy Meredow bilen ýurdyň Saglygy goraýyş ministri Asilbek Hudaýarowyň arasynda türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar saglygy goraýyş, lukmançylyk bilimi, farmasewtika we ýurtlaryň arasynda tejribe alyşmak ugrunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Arkadag şäherinde iri lukmançylyk klasteriniň döredilişi we bu klasteriň derman serişdelerini işläp taýýarlamak, dürli görnüşli lukmançylyk önümlerini öndürmek boýunça alyp barýan ylmy-barlag işleri barada habar berdi.

Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde akademik W.Wahidow adyndaky hirurgiýa boýunça Özbegistan Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ylmy-amaly lukmançylyk merkeziniň binasynda Arkadag şäherinde döredilýän iri lukmançylyk klasteriniň tanyşdyrylyşy geçirildi. Çärä Özbegistanyň lukmançylyk merkezleriniň ýolbaşçylary we özbek telekeçileri gatnaşdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi