Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda täze uly desgalar dabaraly açyldy
12.09.2025

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde 11-nji sentýabrda täze, döwrebap şäherçäniň hem-de awtoulag köprüleriniň açylyş dabarasy boldy.

Bellenilişi ýaly, täze şäherçä Bitaraplyk adynyň dakylmagy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk we hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly seneleriniň ähmiýetini artdyrdy.

Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýat we etrap halk maslahatlarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, welaýatyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Bu ýerde medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň döwrebap şäherçäniň açylyş dabarasy mynasybetli iberen Gutlagyny diňlediler. Soňra çykyşlara giň orun berildi.

Bitaraplyk şäherçesi 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýyny, geňeşligiň edara binasyny, saglyk öýüni, önümçilik maksatly dürli häzirki zaman desgalaryny özünde jemleýär. Bu ýerde körpeleriň 160-syna niýetlenen çagalar bagy, 420 orunlyk orta mekdep hereket edýär.

Şeýle-de täze şäherçede 200 orunlyk Medeniýet öýi, 500 orunlyk Toý mekany, hyzmatlar öýi, aragatnaşyk bölümi, ýangyn söndüriş gullugynyň desgasy, seýilgäh, söwda merkezi bar. Şäherçäniň açylyş dabarasy bagtyýar ýaşaýjylaryň jaý toýlary we beýleki dabaralar bilen utgaşdy.

Şäherçedäki bir we iki gatly ýaşaýyş jaýlarynda ýokary amatlyklar döredilen. Döwrebap jaýlaryň giň we ýagty otaglary iň täze hojalyk enjamlary we beýleki amatlyklar bilen üpjün edilip, ýokary hilli enjamlaşdyrylan aşhanadyr beýleki otaglar amatly durmuş gurşawyny döredýär. Olaryň gurluşygynda Türkmenistanda öndürilen häzirki zaman binagärlik we bezeg serişdeleri ulanyldy. Ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrylyp, köçeleriň ugrunda we mellek ýerlerinde dürli bag nahallary oturdyldy.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektroniki gazet