Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistan Rumyniýada geçirilen III Aziýa medeniýet festiwalyna gatnaşdy
11.09.2025

Buharest şäheriniiň Dimitriýe Gusti adyndaky Milli oba muzeýiniň hemaýat bermeginde, 6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Ilçihanasy we Aziýa döwletleriniň diplomatik wekilhanalary bilen hyzmatdaşlykda gurnalan III Aziýa medeniýet festiwaly geçirildi.

Türkmenistanyň Ilçihanasynyň sergisiniň meýdançasynda milli lybaslar, haly önümleri, nagyşlar, saz gurallary, şeýle hem milli geýimleriň häzirki zaman bezeg çözgütleri myhmanlara görkezildi.

Edebi mirasymyzyň görkezilişine aýratyn orun berildi: myhmanlar Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň eserleri, şeýle hem beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dürli dillere, şol sanda rumyn diline terjime edilen eserleri bilen tanyşdylar.

Muzeýiň myhmanlarynyň ünsüni gadymy däpler bilen häzirki zaman modasynyň täzeliklerini sazlaşykly birleşdirýän türkmen lybaslarynyň toplumy hem özüne çekdi.

Festiwalyň jemleýji bölegi hökmünde gurnalan «Aziýa ýurtlarynyň aşhanasy» atly sergide ähli gatnaşyjy ýurtlaryň milli tagamlary myhmanlara hödürlenildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi