GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Eni: Dünýäde nebite we tebigy gaza bolan isleg artdy
03.11.2026

Italiýanyň Eni kompaniýasy 2-nji noýabrda «World Energy Review 2026» hasabatynyň doly neşirini hödürledi. 2025-nji ýylyň maglumatlaryny öz içine alýan seljermä görä, dünýäde nebite bolan isleg günde 900 müň barrel artdy, tebigy gaza bolan isleg bolsa 1,2 göterim ýokarlandy. Dünýäniň energiýa islegi 15,7 milliard tonna nebit ekwiwalentine ýetdi. Nebit, gaz we kömür ilkinji energiýa sarp edilişiniň takmynan 80 göterimini üpjün etdi.

Hasabatda energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny berkitmek üçin dürli energiýa çeşmelerini we tehnologiýalary utgaşykly ösdürmegiň ähmiýeti bellenilýär.

Çeşme: Eni, 02.11.2026.
https://www.eni.com/en-IT/media/press-release/2026/11/pr-eni-publishes-25th-edition-world-energy-re…