Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   18.11.2023
Gutarýar:   02.01.2024
Goýuldy:   20.11.2023

№ 07/23: “Türkmengeologiýa” DK halkara tender yglan edýär

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny harytlar bilen üpjün edijileri bäsleşik (tender) esasynda kesgitleýän toparyň adyndan “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy üçin Omurjak we Günorta Erdekli ýataklarynyň gurluşyny öwrenmek üçin Uzynada we Erdekli meýdançalarynda МОГТ-3D seýsmiki gözleg işlerini, Barsagelmez, Uzynada we Erdekli ýataklarynyň aralygyndaky meýdançalarda МОГТ-2D seýsmiki gözleg işlerini, şol sanda Erdekli we günbatar Erdekli (deňizde) ýataklarynyň aralagyndaky guryýer meýdançada МОГТ-2D seýsmiki gözleg işlerini geçirmek boýunça №07/23 belgili halkara tender yglan edýär (tender bölünmeýän).

Tendere gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we alyp barýan işleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünlerinden" göçürme we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalaryň sanawy bilen tanyş bolmaly;
  • bäsleşik boýunça geologo-tehniki ýumuş we bäsleşigiň esasy şertleri bilen tanyşmaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen ABŞ-nyň 1500 (bir müň bäş ýüz) dollary möçberde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly. 

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylanda habar berilýär.

Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, “Türkmengeologiýa” DK-nyň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň, şertnamanyň esasy häsiýetnamasynyň (Word görnüşde) elektron görnüşi we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.

Ähli zerur maglumatlary we lotlaryň häsiýetnamasyny ýükläp almak üçin internet saýtlary: http://www.tmgeology.gov.tm/  we/ýa-da  http://www.oilgas.gov.tm/ 

Bäsleşik teklipleri Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56 salgy boýunça “Türkmengeologiýa” DK edarasyna tabşyrylmaly. 

Bäsleşik teklipleri 2023-nji ýylyň 18-nji noýabryndan 2024-nji ýylyň 02-nji ýanwaryna ýerli wagt bilen 12:00 çenli kabul edilýär.

Elektron salgylary:

turkmengeology@online.tm we marketing@tmgeology.gov.tm

Habarlaşmak üçin telefonlar:

40-34-52, 40-34-54, 40-39-05.

Faks:

40-34-53.