GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Başlaýar:   04.03.2026
Gutarýar:   21.04.2026
Goýuldy:   05.03.2026

“Türkmennebit” DK tenderiň möhletini uzaldýar: 04.03.2026 - 21.04.2026

“Türkmennebit” Döwlet konserni tender toparynyň adyndan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebit önümlerini saklamak we ugratmak boýunça Kenar kärhanasynda demir ýol benzin estakadasynyň taslamasyny taýýarlamak we durkuny täzelemek, şeýle hem nebit önümlerini awtoulag sisternalaryna guýmaga niýetlenen meýdançany gurmak boýunça №05/DG belgili açyk tenderiň möhletini 2026-njy ýylyň 21-nji apreline çenli uzaldýar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

- Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56, 11-nji gat, “Türkmennebit” DK salgysy boýunça bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezmek bilen, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bahk hasaby bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

-"Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünlerinden" göçürme we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;

- degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;

-bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen ABŞ-nyň 1725 dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i hasaba almak bilen) tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Zerur bolan maglumatlar üçin internet saýtlary: www.turkmennebit.gov.tm, www oilgas.gov.tm.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylanda görkeziler.

Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň, seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň we şertnamanyň esasy häsiýetnamasynyň elektron görnüşleri (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.

Habarlaşmak üçin belgileri: 40-35-55, 40-35-53, 40-35-12

Faks: 40-39-24, 40-35-55

Elektron salgysy: fer@turkmennebit.gov.tm