GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň “Seýdi” myhmanhanalar toplumy

Gözel ülkämiziň Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Seýdi şäherindäki Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň “Seýdi” myhmanhanalar toplumy ýurdumyzyň raýatlary we daşary ýurtlardan gelýän myhmanlar üçin ýylyň ähli paslynda gije-gündiz hyzmat edýär. Müşderiler dürli maksatlar bilen: iş sapary, söwda bilen baglanyşykly işewürlik, dynç alyş-sagaldyş, ýakyn garyndaş hossarlary bilen görüşmek we şuňa meňzeş sebäpler bilen myhmanhana gelýärler. Munuň üçin “Seýdi” myhmanhanalar toplumynda elýeter bahalardan otaglar, rahat dynç almak üçin ähli şertler döredilendir. Gije-gündiz administratorlar gelen myhmanlary ýerleşdirmek we gerekli maglumatlar bilen üpjün etmek üçin zähmet çekýärler. Uzak aralykdan habarlaşmak üçin hem myhmanhananyň telefon belgisi hemişe işjeň ýagdaýda durandygyny nygtap geçmek bolýar. Myhmanhanalar toplumynyň düzümi Seýdi şäheriniň “Ýaşlyk”  ýaşaýyş jaý toplumynyň merkezinde ýerleşen bir sany 40 orunlyk 4 gatly myhmanhanasyndan,    1-nji ýaşaýyş jaý toplumyndaky  “Dostluk” köçesinde ýerleşen bir sany 1 gatly we bir sany 2 gatly kotež myhanhanalaryndan ybaratdyr. Seýdi” myhmanhansynda elýeter bahalardan 1 we 2 adamlyk komfort nomerleri, 1 adamlyk lýuks nomerleri göz öňünde tutulandyr. Şäheriň 1-nji kiçi etrapçasynda ýerleşen kotež myhmanhanalarynda müşderileriň doly derejede dynç almak üçin şertler bar. Mundan başga-da myhmanhananyň dürli maksatlaýyn gelýän hemişelik müşderiler bazasynyň bardygy barada belläp geçmek hem ýerlikli bolup durýar. Bu hem öz gezeginde myhmanhananyň köptaraplaýyn meşhurlykdan peýdalanýandygynyň görkezmesidir. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň “Seýdi” myhmanhanalar toplumynyň gapylary ählimiz üçin hemişe açyk!

Seýdi myhmanhanasy

    T/b

Otaglaryň görnüşleri

Bahasy

  1.  

2 orunlyk otagda 1 orun

50 manat

  1.  

1 orunlyk otag

80 manat

  1.  

Lýuks

180 manat

 

 

 

Seýdi myhmanhanasynyň kotežler toplumy

    T/b

Otaglaryň görnüşleri

Bahasy

  1.  

1 orunlyk otag

300 manat

  1.  

3 orunlyk otagda 1 orun

150 manat

 

 

Salgymyz:

 

Telefon belgisi: +993 446 7 04 44