Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
"Türkmennebitönümleri" Baş müdirligi

«Türkmennebitönümleri» Baş müdirligi

«Türkmennebitönümleri» Baş müdirligi Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Häzirki wagtda «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň düzümine nebit önümleri kärhanalary, Hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirligi, Aşgabatdaky awtomobillere ýangyç guýuş beketleriň müdirligi, Ýaşaýyş-jemagat hojalygy kärhanasy, “Abatlaýyş ulag” Döwlet kärhanasy, “Ahal” futbol kluby hem-de edara görnüşli tarapyň statusyna eýe bolan beýleki düzümler bar.

Işleriň geografiýasy

«Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň kärhanalary we awtoulaglara ýangyç guýýan beketleri Türkmenistanyň ähli ýerlerinde bar.

«Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň kärhanalary Türkmenistanyň içerki bazarynda nebit önümleriniň we haryt ýaglarynyň ýerlenmegini amala aşyrýar.

Türkmenistanda nebit önümlerini saklamak we ýerlemek boýunça kärhanalaryň, awtoulaglara ýangyç guýýan beketleriniň ulgamlarynyň oňaýly ýerleşdirilmegini we ösdürilmegini üpjün edýär.

«Türkmennebitönümleri» Baş müdirligi nebit önümleri bilen üpjün etmek baradaky häzirki we uzak möhletleýin maksatnamalaryň işlenip düzülmegini amala aşyrýar.

«Türkmennebitönümleri» Baş müdirligi Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (mundan beýläk TNGIZT), Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda (mundan beýläk SNGIZ) öndürilen hem-de GDA ýurtlaryndan we daş aralykda ýerleşýän ýurtlardan getirilýän nebit önümleriniň kabul edilmegini, iberilmegini we ýerlenmegini amala aşyrýar hem-de nebit önümlerini we gaz kondensatyny ondan-oňa geçirmek boýunça hyzmatlary berjaý edýär.

Nebit önümleri kärhanalary Türkmenistanyň ilatyny, kärhanalary we guramalary nebit önümleri, haryt ýaglary bilen üpjün edýär hem-de bularyň hiline we hasabynyň ýöredilmegine gözegçilik edýär.

Nebit önümleri kärhanalary nebit önümleriniň lomaý we bölekleýin söwdasyny amala aşyrýar.

«Türkmennebitönümleri» Baş müdirligi awtoulaglara ýangyç guýýan beketlerinde berjaý edilýän hyzmatlaryň gerimi giňelýär, hasaba alnyş we hasabatlylyk, nebit önümlerini kabul etmek we ýerlemek boýunça bir umumy awtomatik ulgamlar ornaşdyrylýar.

Awtoulaglara ýangyç guýýan beketleri gije-gündiziň dowamynda işleýär.

«Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň düzüminde Hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirligi (mundan beýläk HHAGM) hereket edýär.

Hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirligi nebit kärhanasynda we awtoulaglara ýangyç guýýan beketlerinde gurluşyk-gurnama işlerini, düýpli abatlaýyş, gurluşyk we durkuny täzelemek boýunça işleri berjaý edýär.

 

Adres: 744000, Türkmenistan, Aşgabat ş, 2035 (Kemine) köç., 178 j.

Tel: +993 (12) 39-29-55.

Faks: +993 (12) 39-29-56. 

E-mail: tno_@tno.gov.tm